Puly näme üçin hem-de nädip tygşytlamaly


Photo by Freepik

Tejribesi bolan biznes tälimçileriň aýtmagyna görä, geljekde öz işiňizi açmak üçin meýilleşdirýän ideýaňyz ýa-da başga etmekçi bolýan işiňiz bar bolup oňa pul üýşürmek isleýän bolsaňyz, şahsy bolan maliýe meýilnamaňyzy düzip, tejribede netije beren käbir usullary ulanyp başlamagyňyzy maslahat berýärler:
Şahsy hasap-hesibiňizi ýörediň
Gazanjyňyzyň möçberiniň uly ýa-da kiçi bolmagyna garamazdan, hasap-hesip ýöretmekligiň peýdasynyň bardygy barada atly bolan köp ykdysatçylar hem nygtaýarlar. Mysal, eger-de bir maşgalada 2015-nji ýyldan 2020-nji​ ýyl aralygynda her aýda $100​ süýşürintgi edilen bolsa, ýönekeý hasap bilen 5 ýylyň netijesi boýunça $6​ 000 ýygnanardy. Bu möçber bolsa kiçi bolan bir biznese başlamaga ýetýän möçber hasaplanýar. "Zara" egin-eşik markasynyň esaslandyryjysy telekeçi Ortega​, satlyk üçin ilkinji diken eşiklerini, aýaly bilen, öz öýünde 1975-nji ýylda $100​ ýetmedik ilkinji maýa bilen başlaýar. Onuň ilkinji önümleri halat, içki eşikler we geýimler bolupdyr. Häzirki wagtda Zaranyň​ dünýäniň ähli ýurdunda diýen ýaly müňläp dükanlary bar. Onuň eýesi Ortega​ bolsa dünýäniň iň baý adamlarynyň biri hasaplanýar.

Şahsy býujetiňizi düzüň
Şahsy bolan maliýe meýilnama öňümizde goýlan maksadymyza ýetmäge ýardam berýär. Munuň üçin geljege niýetläp jemi gazanjyň 10 % aýyrmaly. Gazanjyň 10 % bolsa şahsy isleglerimiz üçin aýyrmaly. Aslynda şahsy islegler tükeniksiz bolýar, emma geljekde maliýe taýdan hiç kime garaşly bolman öz işimizi açmak isleýän bolsak, tygşytlamak usulyny durmuşa geçirmeli bolýar. Niýetläp ýygnaýan möçberimizi diňe niýetlenişi​ boýunça ulanmaga çemeleşmeli. Eger gazanjyň galan möçberini 100 % diýip hasaplasak, onda onuň 55 % maýa goýum üçin (haýsy bolsa-da açmak isleýän işimize gönükdirmek) galan 45 % bolsa gündelik hökmany çykdajylar üçin (iýmit, kommunal hyzmatlar we ş​.m.) aýyrmaly.

Näme üçin gazanjymyzy meýilleşdirmeli we ýokardaky ýaly dürli süýşürintgi shemalaryny​ ulanmaly? Sebäbi bu usullar adamda puly tygşytlamak we hasap-hesip alyp barmak tejribesini artdyrýar, geljekde göz öňünde tutulmadyk ýagdaýlar üçin has taýýarlykly bolmaga ýardam berýär. Dünýä tejribesinde tiz baýaýan adamlaryň aglaba bölegi, baýlygyny tiz ýitirýärler, onuň sebäbi hem olaryň pul bilen işleşip bilmedikleri sebäpli bolýar.