TNGIZT awtotreýler satyn almak boýunça tender yglan edýär


TNGIZT 12.03.2021 sensine çenli Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny harytlar bilen üpjün edijileri tender esasynda kesgitleýän toparyň adyndan awtotreýler satyn almak boýunça tender yglan edýär.

Lot №4 – Nebit we nebit önümlerini aşaky çökündilerden arassalamak üçin ykjam energiýa garaşly toplum bilen enjamlaşdyrylan awtoulag tirkegi.

Size Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň HYG bölümine

-bäsleşige gatnaşmaklyga isleg bildirýän gatnaşyjynyň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri we habarlaşmak üçin telefon belgileri görkezilen ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;

-Türkmenistanyň nebitgaz toplumy üçin satyn alyjylary saýlamak boýunça halkara bäsleşiklerini geçirmegiň Düzgünleri bilen tanyş bolmaly;

-tehniki talaplaryny almaly;

Tehniki talaplar bilen www.oilgas.gov.tm internet-saýtynda tanyşyp bilersiňiz.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýörite tender tölegini 575 amerikan dollary (GBS-i hasaba almak bilen) möçberini tölemeli.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Adres: Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş., TNGIZT.

Bäsleşik tekliplerini görkezilen salga eltmeli, resminamalara hasap belgisine pul serişdeleri geçirilenden soňra serediler.

Bäsleşik teklipleri iki sany möhürlenen bukjada tabşyrmaly. Birinji bukjada tehniki häsiýetnamalar, ikinji bukjada bolsa hödürlenýän işler we hyzmatlarynyň hasaplaşygyň esaslandyrylmagy görkezmek bilen täjirçilik teklibi bolmaly.

Elektron adres: tngizt@online.tm arza ibermek üçin.

Habarlaşmak üçin telefonlar : +993243 9-60-33, 2-12-36, faks: +993 (243) 2-11-49.

Çeşme: metbugat.gov.tm