Gurluşyk ministrligi sagaldyş-dikeldiş merkezini gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär


Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýurmagynda Aşgabat şäherinde Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň binalar toplumynyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýynda ýerleşýän, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär. Haýyşnamalar şu bildirişiň gazetde çap edilen gününden başlap, 2021-nji ýylyň 12-nji martyna çenli kabul edilýär.

Ha­bar­laş­mak üçin te­le­fon­ belgileri: 44-46-36, 44-46-64, 44-46-77.

Çeşme: metbugat.gov.tm