Etiň önümçiligi - emeli etden mazaly kakmaç bolarmy


Photo by alamy/Günbatarda marketlerde satylýan emeli etiň üwelen görnüşi

Häzirki wagtda dünýäde emeli etiň önümçiligi barha güýçlenýär, oňa sintetiki et hem diýilýär. Mysal üçin, 2020-nji​ ýylyň dekabryndan başlap Singapur laboratoriýa şertlerinde ýetişdirilen towugyň emeli etini satmaga resmi taýdan rugsat berdi.

Emeli et nähili ýetişdirilýär?
Haýwanyň özüniň bolmazyndan emeli eti döretmeklik prosesi, nusga hökmünde myşsalaryndan​ alnan kiçijek bölejik etiniň ýa-da lagta​ ganynyň düzüminde bar bolan miosatellit​ öýjüklerinden başlanýar. Ýörite enjama ýerleşdirilen öýjükler baý bolan iýmitlendirij​i bilen iýmitlenip köpelip başlaýarlar we takmynan her birnäçe günden iki esse artyp myşsa öýjüklerine öwrülýärler. Teoriýa laýyklykda, bir öýjük tükeniksiz emeli et ösdürip ýetişdirmek üçin ýeterlikdir.


Emeli etiň bahasy
2013-nji ýylda laboratoriýa​ şertlerinde ýasalan ilkinji emeli etden taýýarlanan kotletli​ burger​ köpçülige görkezildi. Bu iýlip boljak emeli etiň haýwany öldürmän ýetişdirip bilinjekdiginiň ilkinji subutnamasy boldy. Kyn bolan ýeri bu kiçijik emeli etiň bölegini ýetişdirmek üçin iki ýyl sarp edildi we $300​ gowrak pul çykdajy edildi.
2016-njy ýylda “Memphis​ Meats​” kompaniýasy takmynan bu kotletiň​ etini $1000​ çykdajy bilen ýetişdirdi. Şondan bäri emeli etiň bahasy gitdigiçe peseldi, häzirki wagtda Günbatarda bu etiň bir kilogramy ortaça $80​, bir burgeriň​ bahasy bolsa $11​ töweregi bolýar.

Emeli etiň bahasynyň arzanlamagyna garamazdan, natural et bilen deňeşdirilende ýokary bolmagynda galýar, ýöne öndürijiler 5 -10 ýyldan bazarlarda emeli etiň iň arzan iýmit hökmünde satyljakdygyna ynanýarlar.

Emeli eti satyn alarlarmy?
On, on bäş​ ýyldan restoranlarymyzyň menýusynda emeli etden kakmaç hödürlenjegini ýa-da toýlarda we sadakalarda emeli etden dograma bişiriljekdigini göz öňüne getireniňde, adamlar bu emeli etden bişirilen naharlary iýerlermi diýen sorag döreýär. Adamlar elmydama öňündäki tabaga goýulan nahara aşa duýgur bolýarlar. Emeli etiň sosial we ekologiýa taýdan esaslandyrylmagyna garamazdan, öňümizde goýuljak etiň çopanyň sürüsinden​ däl-de, laboratoriýada​n gelýändigi baradaky pikir gaty geň görünýär. Emeli et baradaky aýdylýan oňyn pikirler dogry bolup, bu et ekologiýa taýdan arassa, zyýansyz, arzan we has tagamly bolsa-da, adamyň eli bilen laboratoriýada emeli taýýarlan etine öwrenişmegimiz üçin köp ýyllar gerek bolar.