Maýa goýmagyň ýönekeý düzgünleri


Photo by Forbes

Häzirki wagtda 90 ýaşlylygyna garamazdan, "Coca- Cola" kompaniýasynyň 9% paýynyň eýesi Warren​ Baffett​ henizem täsin bolan maýa goýum ukybyna eýedir. Ol özüniň bu ugurdaky köp ýyllyk tejribesini paýlaşyp, şeýle maslahatlar berýär:


Maýa goýumy diňe düşünýän işiňe goý
Gowy bolan görkezijilerine ýa-da berjek peýdasyna garamazdan, haýsydyr bir işe maýa goýmazdan ozal, hökman ol işi öwrenmeli we şol işe özüňiz düşünmeli. Eger onuň nähili işleýändigine düşünmeseňiz, siz üçin bähbitlisi garaşmaklykdyr. Geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň ahyrynda internet-tehnologiýa kompaniýalary daşyndan gaty girdejili görünýärdi, internet pudagy maýa goýýanlara gowy umytlar wada berýärdi. Emma aslynda olaryň köpüsi zyýandady. 2000-nji ýylda bu pudak "dotkomlaryň​ batyşy" diýen at bilen maliýe çökgünlige uçrady hem-de bu pudaga maýa goýanlar $5​ trillion zyýan çekdiler. Baffet​ bu çökgünlikden gaça durmagy başardy, onuň sebäbi hem, ol şol döwrüň tehnologiýa kompaniýalarynyň işleýşine düşünmändigi sebäpli olaryň maliýe gurallaryny satyn almandy.

Maýa goýumy uzak möhletleýin goýmaly
Warreniň pikiriçe, maýa goýanyňyzdan​ soňra, peýdany diňe uzak möhletde gazanyp bolýar. Mysal üçin, aksiýalar barada ol şeýle diýýär: "Eger bir kompaniýanyň aksiýasyny satyn alanyňyzdan soň, oňa 10 ýyllap eýeçilik etmejek bolsaňyz, onda bu işe 10 minut hem wagt sarp etmek bidereklikdir". Maýa goýumy uzak möhletli goýmaklyk barada onuň aýdan ýene-de bir alnymyndan biri "Inwestisiýanyň üstünlikli bolmagy üçin wagt, tertip-düzgün we sabyr gerek. Belki siz zehinli ýa-da yhlasly bolup bilersiňiz onuň hiç-hili tapawudy ýok, sebäbi käbir zatlara wagt gerek bolýar: çaganyň bir aýda dünýä inmesi mümkin däl, eger dokuz sany aýal birden göwreli bolsa-da"


Giň bolmagy başarmaly
Söwdada bahalaryň hereketini hiç kim çaklap bilmeýär. Gazanýan peýdaňyz ýa-da eýeçilik edýän aktiwiňiziň bahalary peselýän bolsa, howsala düşmek we duýgulara ýeňilmek iň bir ýalňyş bolan hereket hasaplanýar. Bu ýagdaýda ösüş potensialyny öwrenmeli we maglumatlar esasynda sagdyn pikirlenip jikme-jik hasaplamalary geçirmäni başarmaly. Maýa goýan işiňizden dowamly ýitgi we kynçylyk bolar diýip göz ýetiren bolsaňyz, iň gowusy ondan dynmakdyr : "Eger siz yzygiderli suw​ syzdyrýan gäminiň içine düşendigiňizi bilen bolsaňyz, deşikleri ýamajak diýip güýç sarp edeniňizden, gowusy gämini çalşyň."