Güýmenjesiniň hasabyna millioner bolmagy başaranlar

Photo by Glazyrin
“Hobby” sözüni türkmençe “peýdaly güýmenje” diýip terjime edip bolar. Hobbi - adamlaryň boş wagtlaryny lezzet almak üçin öz söýýän işine sarp etmegini aňladýar. Ol bir gowy görýän tagamyňy bişirmek, tagtadan ýonup bir zatlar ýasamak ýa-da tikinçilik etmek, programmirlemek we ş.m. pişeler bilen meşgullanmak bolup biler. Adam edýän işinden lezzet alýan bolsa oňa öz yhlasyny siňdirýär, bu bolsa önümiň hiline oňaýly täsir edýär. Gowy görýän hobbiňe peýda almak maksady bilen seretseň, ony biznese öwürmek mümkinçiligi döreýär. Mysal, güýmenjesini biznese öwren işewürleriň sany gaty köp:
Forbesiň sanawynda iň baý adamlaryň onlugyna girýän Jef Bezos, kitap okamagy gaty gowy görýärdi, netijede ol kitap söwdasyndan başlady we soňlugy bilen dünýäniň iň uly korporasiýalaryň biriniň düýbüni tutdy.
20-nji asyryň başlaryna Wilýam Harli we Artur Dewidson öz garažlarynda motorly welosiped ýasadylar, olaryň bu güýmenjesi ilki ilkiler şowly bolmasa-da soňlugy bilen olaryň motosiklleri uly islegden peýdalanyp başlady we netijede gymmat bahaly motosiklleri öndürýän “Harli Dewidson” brendi döredi.
Elliot Hendler we Garold Metson 1940-njy ýyllarda öz garažlarynda suratlara geýdirilýän çarçuwa ýasamak bilen meşgul bolýardylar, günlerde bir gün kärdeşler önümçiligiň galyndylaryndan oýunjakdan öýjagazlar ýasaýarlar we bu önümlere islegiň uludygyna göz ýetirýärler, iki kärdeş tarapyndan esaslandyrylan kompaniýa soňlugy bilen dünýä belli “Barbie” gurjaklaryny öndürmäge başlaýar.
Hobbiňi biznese öwürmek üçin, ilki bilen önümiňizi ýa-da edip bilýän hyzmatyňyzy köpçülige ýetirmeli. Hemmämiziň bilşimiz ýaly bu gün internet, önümi we hyzmaty köpçülige ýetirmegi has hem aňsatlaşdyrdy. Önümi alyjylara tanyşdyrmaklygy özbaşdak ýa-da başga-da mahabat usullary bilen amala aşyryp bolýar. Eger önüm alyjylaryň göwnünden tursa we oňa isleg köpelip başlasa onda önümçiligi giňeltmek bilen baglanyşykly işler geçiriler, başgaça aýdanymyzda hobbini biznese öwürmäge başlamaly.