Hepdäniň kitaby: “Diňe paranoikler başarýar” Endrýu Grow


Photo by Freepik

Sene: 1927-nji ýylyň 6-njy oktýabry, Günbatar ýurtlarynyň ekranlarynda “jaz aýdymçysy” atly sesli film görkezilmäge başlanýar. Mundan öň filmler “sessiz” bolupdyr, tomaşaçylar diňe şekillere seredip filmiň manysyna düşünipdirler. Bu seneden başlap, filmler sesli görnüşde çykarylmaga başlanýar. Kitabyň awtory şunuň ýaly ýagdaýlary “strategiki taýdan kesgitleýji pursat” diýip atlandyrýar. Kino äleminiň käbir bilermenleri sesli bolan filmlerde geljek ýok diýip hasapladylar, käbirleri bolsa bu täzeçillige uýgunlaşmaga başlapdylar.

Dünýä meşhur kino aktýory Çarli Çaplin hem 4 ýyllap diýen ýaly sesli bolan fimlere garşy çykypdy. Tomaşaçylaryň Çarli Çapline bolan söýgüsi we sylagy üçin, onuň oýnan sessiz filmleri islegden peýdalanan bolsa hem, ahyrynda ol hem yza tesmäge mejbur boldy we 1940-njy ýylda Çaplin sesli filmde surata düşdi.

Strategiki taýdan kesgitleýji pursat – bu kompaniýanyň ýa-da adamyň durmuşynda başyndan geçirýän bir pursadydyr. Bu pursatdan geçen kompaniýanyň ýa-da şahsyň durmuşy öňküligine bolmaýar. Öňki adaty bolup duran ýagdaýlar, bolmalysy ýaly dowam etmegini bes edýär hat-da tersine hereket edip bilýär. Bu pursadyň döremegi, ony kabul etmäge we pikirlenip başga bir çözgüt tapmaga mejbur edýär.

Sene:1994-nji ýylyň 22-nji noýabry, CNN-iň žurnalistleri “Intel” kompaniýasynyň başlygyndan, ady belli “Pentium” prosessorlarynda ýüze çykan näsazlyk barada düşündiriş almak isleýärler. Pentium prosessorlarynda ýüze çykan näsazlyk sebäpli, eýýäm müşderileriň käbirleri satyn alan prosessorlaryny çalşyp bermeklerini sorap “Intel” firmasyna ýüz tutmaga başlaýarlar. Yzyna gaýtarylýan harytlar boýunça müşderiler bilen işlemek üçin ilkibaşda bir işgär berkidilen bolsa, wagtyň geçmegi bilen tutuş bir bölümiň işgärleri öň satylan prosessorlary yzyna almak we müşderileriň soraglaryna jogap bermek bilen meşgullanmaga başlaýar. Kompaniýanyň ammary bolsa, $475 million möçberde derde ýaramsyz yzyna gaýtarylan kompýuter detallaryndan dolýar. Enrdýu Grow şol kyn döwürlerde kompaniýa baştutanlyk edýär we bu çykgynsyz ýagdaýdan nädip baş alyp çykjakdygy barada kelle döwýär.

Ol soň-soňlar bu dörän ýagdaýa kompaniýanyň “strategiki taýdan kesgitleýji pursat” bilen gabatlaşandygyna düşünýär…

Endrýu Growyň “Diňe paranoikler başarýar” kitaby paranoýasy bar bolan hassalar barada däl-de, tehnikada, tehnologiýada, bäsdeşlikde we beýleki ugurlarda wagtal-wagtal ýüze çykýan düýpli özgerişlikleriň biznese, kompaniýalara we adamlaryň kärýerasyna täsiri (strategiki taýdan kesgitleýji pursat) barada durup geçýär we şunuň ýaly ýagdaýlary nädip wagtynda ýüze çykaryp boljakdygy we ony nädip öz bähbidiňe öwrüp boljakdygy barada gürrüň berýär.

Kitap internet giňişliginde onlaýn görnüşde rus we iňlis dillerinde köpçülige hödürlenýär.