Üstünlige ýetmek üçin - on müň sagatlyk gaýrat


Photo by Depositphotos

Durmuşda, işde we biznesde uly üstünliklere ýetmek üçin köp zähmet çekmek gerek. Emma adamlaryň köpüsiniň mümkinçilikleri (saglyk, wagt, bilim, zehin, hünär, maddy mümkinçilikler we ş.m.) deňräk bolsa hem gazanýan netijeleri düýbünden başgaça bolýar. Munuň sebäbi durmuşda we işde uly üstünliklere ýetýän adamlaryň dogabitdi has zehinli bolmagy bilen baglanyşyklymyka?

Malkolm Gladuel “geniýler we yzagalaklar” kitabynda sungatda, biznesde we döredijilikde uly netijeler gazanan adamlaryň (Bill Geýts, Wolfgang Mosart we beýlekiler) durmuşyny öwrenmek bilen, uly üstünliklere ýetmek üçin ilki bilen geniýlik däl-de, 10 000 sagat düzgüniniň, ýagny, degişli ugur boýunça pesinden 10 000 sagatlap öz üstüňde işlemegiň we tejribe gazanmagyň zerur bolup durýandygy barada netijä gelýär.

Ol bu meselede hususan-da psiholog Andres Eriksonyň Berlindäki sazçylyk akademiýasynda geçiren barlaglaryna salgylanýar. Andres Erikson akademiýada skripka saz guraly boýunça sapak alýan talyplary üç topara bölýär; Birinji topara iň ökde sazandalary goşýar, ikinji topara ortaça saz çalýan okuwçylary, üçünji topara bolsa sazandalyk ukyby iň pes hasaplanýan okuwçylary goşýar we üç topara hem şol bir soragy berýär: “eliňize skripka alan ilkinji günüňizden başlap näçe wagtlap saz çalmagy öwrendiňiz?”

Netijede ähli okuwçylaryň saz çalmaga ortaça bäş ýaşyndan başlan hem bolsalar, 20 ýaşyna ýetýänçä iň ökde okuwçylaryň skripkada 10 000 sagada golaý, ortanjy okuwçylaryň 8000 sagada golaý, iň pes saz çalýan okuwçylaryň bolsa 4000 sagada golaý türgenleşendikleri mälim bolýar. Edil şunuň ýaly barlagy pianino çalýan talyplarda hem geçirilýär we birmeňzeş netije alynýar.

Belli bir ugur boýunça ussatlaşmak üçin 10 000 sagatlyk ýoly näçe günde ýa-da ýylda geçip bolar? Ilkinji nobatda bu adamyň yhlasyna we mümkinçiliklerine bagly bolsa-da onuň ortaça hasaby bar: dynç we baýramçylyk günlerini hasaba almanyňda hepdede 40 sagatlap öz üstüňde işlenen ýagdaýynda bu derejä ýetmek üçin 5 ýyl wagt gerek bolýar, eger-de başga işiň köp bolup hepdede 20-25 sagat sarp edilen ýagdaýynda munuň üçin 8-10 ýyl töweregi wagt gerek bolýar.

Ýöne bir ugurda ussatlaşmak niýetiňiz bar bolsa iň aňsat we tiz netije almaklyk üçin şol ugra çagalykdan başlamak maslahat berilýär.