Dünýäde buhgalter hasabaty hemme ýerde deňmi


Photo by shutterstock

2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Türkmenistan hem, finans​ hasabatlylygynyň halkara standartlaryna doly geçdi, mysal, Türkmenistandaky işleýän bir firmanyň düzýän buhgalter hasabatyny, Şweýsariýaly bir buhgalter okap düşünip bilýär ýa-da tersine. Onuň sebäbi hem islendik adam düşüner ýaly çap edilýän, dünýäniň ähli ýerinde bir meňzeş formadan ybarat bolan hasabatlaryň dört sany esasy görnüşleri bolýar, olar;

1. Buhgalter balansy​
2. Girdejiler we çykdajylar barada hasabat
3. Kapitalyň​ (maýanyň) hereketi barada hasabat
4. Nagt puluň hereketi barada hasabat

1. Buhgalter balansy​ - görnüşi boýunça iki sany aktiw we passiw sütünden (tarapdan) ybarat bolýar. Bu hasabatyň üsti bilen kompaniýanyň elindäki emläkleriniň (aktiwleriniň) we borçnamalarynyň pul möçberini, kompaniýanyň pul serişdesi näçe, algy-bergileri näçe, onuň eýeçiligindäki bolan zatlarynyň möçberi näçe, maýasy näçe we ş​.m​. görüp bolýar.

2. Girdejiler we çykdajylar barada hasabat - belli bir döwürde kompaniýa nämeden näçe girdeji gazanypdyr hem-de nämelere näçe çykdajy edipdir we näçe peýda gazanypdyr bu barada maglumatlary açyp görkezýär.

3. Kapitalyň​ hereketi barada hasabat - bu hasabat esaslandyryjy kapitalyň​, ätiýaçlyk gorlaryň, goşmaça kapitalyň​ hereketlerini we geçen ýyllarda gazanylan peýdany ýa-da ýitgini görkezýär. Bu hasabatyň üsti bilen kompaniýanyň aksiýalary baradaky maglumaty bilip bolýar.

4. Nagt puluň hereketi barada hasabat - belli bir döwürde kompaniýa giren we çykan nagt pul serişdeleriň möçberini görkezýär. Bu hasabatyň peýdasy barada aýtsak, ýokarda agzalyp geçilen hasabatlardaky görkezilýän sanlaryň aňyrsynda hakykatdan hem nagt pul hereketi bolupdyrmy ýa-da bolmandyrmy​ şol barada maglumaty açýar. Mysal, dünýäde köp duş gelýän kezzapçylygyň bir görnüşi, kompaniýa hasabatlarynda kagyzyň ýüzüne girdeji gazandym diýip ýazyp biler, emma nagt puluň özi kompaniýanyň hasabyna gelip düşüpdirmi, bu hasabat şoňa jogap berýär.

Belki siz bir kompaniýa bilen partnýor​ bolmagy göz öňünde tutýansyňyz​, bir kompaniýa işe girmäge höwes​ edýänsiňiz ýa-da bir kompaniýanyň aksiýasyny satyn almaga isleg bildirýänsiňiz​, emma durmuşda köplenç kompaniýalar daşyndan görnüşi ýaly bolmaýar, mysal, kompaniýanyň ýa-da telekeçiniň diňe peýdasyna seredip olaryň ýagdaýyna baha bermek bolsa mümkin däldir. Dünýä tejribesinde kompaniýalaryň ýagdaýyna, eger onuň buhgalter hasabaty köpçülige hödürlenýän bolsa şonuň üsti bilen baha berýärler.