Nahar agregatoryny döretmek ýa-da onlaýn nahar sargydyny gurnamak


Photo by Freepik

Türkmenistanda soňky 1 ýylda sargydyna nahar eltip berme hyzmaty biznesiň iň tiz ösýän we düşewüntli ugry boldy. Mundan beýläk hem iýmit sektoryndaky, sargyt bilen gyzgyn nahar eltip berme hyzmaty, bazarda gitdigiçe pugta ornaşar diýsek ýalňyşmarys. Bu hyzmata bolan islegiň ýokary bolmagy, eger nahar agregatory döredilse şowly startaplaryň biri bolar we tiz netije berer. Agregatoryň tehniki taraplary, funksiýalary we çykdajylary barada bilmek isleýän bolsaňyz - bu makalany okaň.

Nahar sargyt etmek üçin restoran agregatory näme?

Nahar agregatory - ulanyja golaý-goltumda bar bolan naharhanalar barada maglumat berýän we nahar sargamaga mümkinçilik döredýän internet saýt ýa-da telefon üçin programma. Onlaýn agregatorlar - müşderiler bilen nahar satyjylaryň özara gatnaşyklaryny ýeňilleşdirýärler. Iýmit agregatoryň wezipesi restoranlaryň we kafeleriň hyzmatlaryny we menýularyny yzygiderli maglumatlaryny ýygnamakdan we täzeläp durmakdan ybaratdyr. Agregator arkaly, müşderiler menýulara aňsatlyk bilen seredip olaryň bahalaryny deňäp, olar barada ýazylýan teswirleri görüp bilýärler.

Bu biznes nahili işleýär?

Biznesiň işleýiş prinsipi gysgaldyp aýdanyňda;
1. Ulanyjy agregatoryň üsti bilen islän naharyny saýlaýar we ony sargyt edinýär.
2. Töleg agregatoryň içinde (saýtda ýa-da bolmasa priloženiýada) awtorizasiýa (kabul edilýär) edilýär.
3. Degişli restoran ýa-da kafe sargydy kabul edip alýar we nahary bişirip başlaýar.
4. Taýýar gyzgyn nahar restoranyň dostawka edýän işgärine gowşurylýar, ol bolsa nahary müşderä getirýär.

Bu biznes nämeden girdeji gazanýar?

Esasy girdeji nahar eltip bermekden alynýan hyzmatdan gazanylýar. Girdejiler göterimde ýa-da belli bir möçberi bellemek arkaly paýlaşmak mümkin, ony restoranlar we kafeler bilen araňyzdaky ylalaşygyňyza bagly. Eger agregator meşhurlyga eýe bolan ýagdaýynda goşmaça mahabat goýmakdan hem girdeji gazanylýar.

Agregatoryň işleýşi nähili?

Adatça agregatoryň düzülşi; müşderiler üçin ekrandan, dostawşikler üçin ekrandan we restoranlar üçin administrator üçin ekrandan ybarat bolýar we her ulanyjy özüne degişli maglumat bilen işleşýär.

Agregatoryň müşderiler üçin ekranynda aşakdakylar göz öňünde tutulmaly:
1. Özüni ulgamda registrasiýa edip bilmeli (etmän hem bilýär);
2. Gözleg üçin meýdany bolmaly;
3. Sargydy girizmek üçin meýdan;
4. Töleg geçirmek üçin panel;
5. Sargydy yzarlamak üçin mümkinçilik;
6. Reýting we syn geçirmäge mümkinçilik.

Restoranlar üçin administratoryň ekranynda aşakdakylar göz öňünde tutulmaly:
1. Restoran özüni ulgamda registrasiýa edip bilmeli we her dürli sazlamalar göz öňünde tutulmaly;
2. Naharlar barada maglumatlary girizip we üýtgedip bilmeli;
3. Kabul edilen sargytlary dolandyrmak;
4. Tölegleri kabul edip bilmek.

Esasy nokat

Bu biznes başlangyçda reklama mätäç bolýar – fantaziýaňyza gerim berip agregatora at, ýakymly we ýagty dizaýn hem-de logotip düzmeli. Mahabaty sosial torlarda we internetde goýbermeli. Priloženiýe ýa-da saýt ýasalanda ulanmaga gaty oňaýly we aňsat bolmaly, çylşyrymly etmeli däl.

Çykdajy esasy; agregatoryň dizaýny, saýty düzmek üçin, Android we iOS görnüşde mobil priloženiýa döretmek hem-de başlangyç mahabat işleri üçin ilkinji maýa gerek bolar. Çykdajy möçberi bolsa bazardaky teklibe bagly.