Wilfredo Paretonyň - 20 göterim iş bilen 80 göterim netije almak ýörelgesi


Ilkinji gezek italýan ykdysatçysy Wilfredo Pareto tarapyndan öňe sürlen 80/20 ýörelgesiniň aýdyň mysallary esasan hem biznesde we marketingde köp gabat gelýär. Pareto ýörelgesine laýyklykda durmuşda sebäp we netije baglanyşygy deňagramly däldir. Ýönekeý aýdylanda zähmetiň 20 göterimi 80 göterim netije berýär ýa-da tersine zähmetiň 80 göterimi 20 göterim netije berýär. Muňa mysal hökmünde aşakdakylary getirip bolar:

- Alnan hasylyň 80 göterimini baglaryň 20 göterimi üpjün edýär.
- Kärhananyň girdejisiniň 80 göterimini müşderileriň 20 göterimi üpjün edýär.
- Işgärleriň 20 göterimi önümleriň 80 göterimini satýar.

Bu ýerde 20/80 gatnaşygyna absolýut ululyk hökmünde garalmaly däldir, ýagny, dürli şertlere laýyklykda ol 90/10 ýa-da 70/30 görnüşinde hem üýtgäp biler. Emma netijede, zähmetiň azrak böleginiň netijäniň has köp bölegine täsir etmegi welin gaýtalanyp durýan hadysadyr.
Pareto ýörelgesiniň biznes dünýäsine täsiri öwrenilende bolsa köplenç aşakdaky ýagdaýlaryň gaýtalanýandygy mälim bolýar:

- Kärhananyň mümkinçilikleriniň agramly bölegi peýdasyz işgärleri saklamaga we netijesiz biznes proseslerini dolandyrmaga sarp edilýär.
- Kärhananyň peýdasynyň esasy bölegi müşderileriň kiçiräk toparynyň hasabyna emele gelýär.
- Kärhanadaky biznes prosesleriň agramly bölegi az sanly işgärler tarapyndan ýerine ýetirilýär.

Biznesde we beýleki ugurlarda Pareto ýörelgesini öwrenmek bilen haýsy hereketleriň has uly netije berýändigini anyklap bolýar we şeýlelik bilen zähmetiň netijeliligini ýokarlandyrmak we täze bazarlary özleşdirmek mümkinçiligi döreýär.