Dünýä tejribesinde inwestisiýa üçin töwekgelçilikli hasaplanýan maliýe gurallar


Photo by Freeplik

Döwrebap adamlar ykdysadyýet bilen içgin tanyşmak isleýärler, onuň sebäbi ykdysadyýet olaryň durmuşynda uly orun eýeleýär. Pul-karz syýasatynyň kämilleşmegi bilen, gün-günden dünýäde fond biržalara gatnaşyjylaryň sany köpelýär, adamlaryň maliýe gurallara pul goýmak meýli artýar, emma her bir maliýe gural daşyndan görnüşi ýalymy? Oňa pul goýup yzyna peýda alyp bolaýarmy? Özişim bu makalada dünýäde tejribesinde inwestisiýa üçin töwekgelçilikli maliýe gurallaryň üstünde durup geçmegi makul bildi.

Hili pes aksiýalar we obligasiýalar (iňlisçe penny stock and junk bonds) - batma töwekgelçiligi bolan kompaniýalaryň çykarýan aksiýalary we obligasiýalary. Bu gymmatly kagyzlar maliýe kynçylyk çekýän ýa-da bergidarlarynyň öňünde öz borçnamalaryny ýerine ýetirmekde kynçylyk çekýän kompaniýalar tarapyndan çykarylýar.

Ýene bir töwekgelçilikli gural Forex bazary - Forex bilen fond biržalaryň arasyndaky esasy tapawut, belli bir biržanyň bolmazlygy hem-de hemmeler üçin birmeňzeş nyrh bolman, bir wagtda daşary ýurt walýutalaryň hümmeti her ýurtda dürli - dürli bolmagy.

Mikromaliýe guramalary - köplenç 20% -den hem gowrak peýdany wada berýärler, ýöne munuň inwestorlar üçin ygtybarlylyk derejesi nähili? Dünýä tejribesinde mikromaliýe guramalary döwlet tarapyndan ätiýaçlandyrylmaýar. Islendik wagt, ol "batdym" diýip yglan edip bilýär we serişdeleriňizi ýitirip bilersiňiz.

Maliýe piramidalary - iň töwekgelçilikli maliýe guraly hasaplanýar. Ýokary girdejili taslamalary yglan edip, özüne maýa goýumlary çekýär, ýöne aslynda oňa pul goýan inwestorlar girdejini täze gatnaşyjylaryň goýan pullarynyň hasabyna alýarlar. Piramida işlemegini täze gatnaşyjylaryň serişdeleriniň hasabyna dowam edýär. Täze gatnaşyjylaryň gelmegini goýan güni Piramida ýykylyp başlaýar.

Ýokardaky maliýe gurallar girdeji getirip biler ony inkär edip bolmaýar. Emma uzak möhletli meýilnamalar üçin beýle gurallaryň peýda bermek ähtimallygy pes hasaplanýar.