Çekirtge önümçiligini ýola goýan telekeçi


Selami Gökgöl - täsin bolan çekirtge we beýleki mör-möjekleriň önümçiligini ugrukdyran we onuň eksporty bilen meşhurlyk gazanan Türkiýeli biznesmen. Günlerde bir gün Selami akwariumyndaky balyklaryny iýmitlendirmek üçin janly çekirtge gözleýär, emma, tapmaýar, netijede bu ýagdaý çekirtge önümçiligi bilen meşgullanmak barada biznes ideýa itergi berýär. Ol häzirki wagtda öndüren çekirtgelerini esasan Şweýsariýa, Germaniýa, Awstriýa we Finlandiýa ýaly ýewropa ýurtlaryna eksport edýär. Telekeçiniň bellemegine görä janly çekirtgeler öý haýwanlarynyň ençemesiniň we eldekileşdirilen beýleki jandarlaryň tebigy iýmiti hasaplanýar. Janly çekirtgeler, hojalyklaryň saklaýan it, pişik we süýrenjileriniň aw awlamak talabyny hem kanagatlandyrýandygyny belläp geçýär.

Mundan başga-da käbir ýurtlarda çekitgeden ýasalan goşundylar hem bar, olary iýmit goşundysy hökmünde ulanýandyklaryny, meselem Finlandiýada ol çörek önümlerine goşulýandygyny belläp geçýär. Onuň sebäbi çekirtgeleriň we beýleki käbir mör-möjekleriň beloklara baý bolmagyndadyr.

Şunuň ýaly önümçilikler dünýäniň başga-da käbir ýurtlarynda hem bar. Mör-möjekleriň beloklara hem-de beýleki ýokumly maddalara baý bolmagy we olardan öndürilen önümleriň gitdigiçe iýmit senagatynda has giňden ulanylyp başlanmagy muňa amatly şertleri döredýär. Emma her niçik bolsa-da düzüminde mör-möjeklerden ýasalan goşundylar bar bolan iýmitler her adamda dürli duýguary döredýär.