“Türkmenhimiýa” desgalary gurmak boýunça tender yglan edýär


“Türkmenhimiýa” DK tender esasynda kesgitleýän toparyň adyndan Balkan welaýatyndaky “Balkanabat” ýod zawodynda her biri 60 tonna kuwwatly tehniki ýod öndürmek üçin 2 synag desgalaryny gurmak boýunça halkara tender yglan edýär.

Tendere gatnaşmak isleýänler “Türkmenhimiýa” DK ýüz tutup bilerler.

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • her bir resminamalar toplumy üçin GBS-i hasaba almak bilen 4025 (dört müň ýigrimi bäş) manat töleg töläp tender resminamalaryny almaly.
  • Tender gatnaşmak üçin teklipler 14.04.2021-nji senesine çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+99312) 39-01-58, 39-01-62, faks: 39-01-62.

Elektron salgysy: th.gurlushyk@online.tm;

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 132

Çeşme: metbugat.gov.tm