Demirýollary enjam satyn almak boýunça tender yglan edýär


“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti aşakdaky lot boýunça ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça № DÝ/AGPJ-014 tender yglan edýär.

Lot №1 – SKD kysymly otlylaryň ätiýaçlyk şaýlary.

Tendere gatnaşmak isleýänler “Demirýollary” AGPJ-niň binasyna:

- bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri we kompaniýanyň işleri (esasy alyp barýan işleri, meňzeş taslamalarda iş tejribesi we ş.m.) hakynda maglumatlary görkezip arza tabşyrmaly;

- lotyň spesifikasiýasyny we tehniki talaplary almaly;

- tender resminamalarynyň bukjasyny almaly.

Her lot üçin 575 amerikan dolaryny tölemeli (şol sanda GBüS – 75$). Pul serişdeleriniň geçirilmegi üçin hasap ýazmaça ýüz tutulanda berler. Bäsleşik resminamalarynyň doly bukjasy hasaba pul serişdeler geçirilenden soň beriler.

Tendere gatnaşmak üçin teklipler 23.04.2021 senesine çenli kabul edilýär.

Bellik: ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär.

Tender resminamalary iki (tehniki we täjirçilik teklipler) aýratyn bukjada günde sagat 09:00 – 18:00 aralygy “Demirýollary” AGPJ-niň binasyň 1110 (11-nji gat) belgili otagda aşakdaky salga tabşyrylmaly.

Adres: Aşgabat ş. Türkmenbaşy şaýoly 7.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+99312) 38-36-00; 38-32-31; факс: 38-34-78.

Çeşme: metbugat.gov.tm