«Türkmenaragatnaşyk» agentligi «Sanly çözgüt — 2021» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini yglan edýär.


Bäsleşik «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, dünýä ylmynyň täze gazananlary esasynda taýýarlanan, täzeçe pikirlenmeleri öz içine alýan, ýurduň halk hojalygyna sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda giň mümkinçiligi bolan programma üpjünçilikleri işläp düzýän we innowasion oýlap tapmalar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen, aşakdaky ugurlar boýunça geçirilýär:

— saglygy goraýyş;

— ylym we bilim;

— ulag-logistika;

— senagat;

— oba hojalygy;

— hyzmatlar ulgamy;

— robototehnika.

Bäsleşigiň ýe­ňijilerine gymmatbahaly sowgatlar bilen Diplomlar gowşurylar.

Bäsleşige gatnaşyjylary bellige almak we olaryň oýlap tapmalary baradaky teklipler telecom.tm internet saýtynda elektron görnüşde kabul ediler.

Bäsleşige gatnaşmagyň tertibi we talaplary baradaky maglumatlary telecom.tm internet saýtyndan alyp bilersi­ňiz.

Bäsleşige gatnaşmak üçin teklipleri bermegiň ahyrky möhleti 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabry.

Bäsleşigiň jemleri «Türkmentel — 2021» atly halkara serginiň çäklerinde yglan ediler.

Ha­bar­laş­mak üçin te­le­fon bel­gi­le­ri: 98-12-12; 98-13-13.

Çeşme: metbugat.gov.tm