Türkmennebit tehnika we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça tender yglan edýär


“Türkmennebit” döwlet konserni 28.04.2021 senesine çenli tender boýunça saýlap almak toparyň adyndan aşakda görkezilen lot boýunça 274/3 tender yglan edýär.

Lot № 4 - Awtotransport, traktor, ýörite tehnika, komplekt we ätiýaç bölekleri.

Tendere gatnaşmak üçin “Türkmennebit” DK binasyna ýüz tutup bilersiňiz:

- bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;

- "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;

- lotuň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;

- yzyna gaýtarmasyzlyk şerti bilen bäsleşige gatnaşmak üçin bir Lotuň bahasy 575 amerikan dollary möçberde ýa-da şu barabarlykda manat görnüşinde (GBS-i hasaba almak bilen) töleg tölemek üçin hasap belgisini almaly.

Galan zerur maglumatlary http://www.oilgas.gov.tm/ internet sahypasyndan ýa-da aşakda görkezilen adres boýunça alyp bilersiňiz.

Adres: Aşgabat ş. Arçabil şaýoly 56-njy jaý 4-nji etaj, “Türkmennebit” DK.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 40-39-77; 40-36-36 (tehniki soraglar üçin), 40-39-39 (faks).

Çeşme: metbugat.gov.tm