Dünýä bazarynda kakadylan tudananyň tonnasynyň bahasy $490
Türkmenistanyň ýer, suw we toprak şertlerine iň gowy uýgunlaşan agaçlaryň biri tut agajy diýsek ýalňyşmarys. Adaty türkmen obalaryny bolsa ösüp oturan tut agaçlary bolmazdan göz öňüne getirmek kyn. Asyrlaryň dowamynda türkmen halky tut agajynyň diňe bir miwesinden peýdalanman, onuň ýapragyndan we hatda agajyndan hem ussatlyk bilen peýdalanmagy başarypdyr.
Tut agajynyň miwesi, ýagny, tudananyň bolsa iýmit hökmünde gymmatlygy gaty ýokary bolup durýar. Himiki düzümi barlananda tuduň köküniň gabygynda azyndan 6, şahasynyň gabygynda 7, ýapragynda 14, miwesinde hem 12 görnüşli turşulyklaryň, witaminleriň, tohumynda hem 23-37,6 göterime çenli ýaglaryň bardygy barada “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitapda maglumat berilýär. Şeýle hem bu kitapda tudananyň, ýapragynyň, gabygynyň we köküniň guradylan we owradylan görnüşde aşgazan, ýürek-damar we başga-da birnäçe keselleri bejermekde halk lukmançylygynda asyrlarboýy ulanylandygy barada belläp geçilýär. Tudana anemiýa, angina, tonzillit, stomatit, aşgazan-içege, pnewmaniýa, bronhit we beýleki keseller bejerilende ulanylýar. Miwesinde katotiniň, С we E witaminleriniň, seleniň bolmagy köp sanly kesellerden saplanmaga kömek edýär. Orta asyrlarda Lukman Hekimiň tut agajynyň ýapraklaryny tebipçilikde ulanandygy barada maglumatlar bar.
Surat: dünýä belli alibaba.com söwda saýtyndaky hödürlenýän kakadylan tudana
Tudananyň esasan hem güne guradylan miwesi diňe bir çaý başynda mazaly huruş bolman, eýsem-de bolsa dürli kesellere sezewar bolan adamlara hem şypa berip biljek iýmit bolup hyzmat edýär. Dermanlyk häsiýetleri we süýji tagamy sebäpli kakadylan tudana başga ýurtlarda hem belli bir derejede islegden peýdalanylýar. Şonuň üçin ozaly bilen tudananyň naýbaşy görnüşlerinden miwe toplamak, toplanan hasyly kakatmak we özüne çekiji görnüşde gaplamak arkaly daşary ýurtly alyjylara hödürläp bolar.
Elbetde şunuň ýaly önümçilige başlamazdan ozal degişli tertipde bazar seljermesi geçirilmelidir.