“Hazar” konsorsiumy himiki reagentleri satyn almak boýunça tender yglan edýär


“Türkmen Milli nebitgaz kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden hem-de "Mitro International Limited" kompaniýalaryndan ybarat bolan, öz işini "Hazar" şertnamalaýyn territoriýasynyň çäklerinde (Gündogar Çeleken meýdançasy) önümleri paýlaşmak şertnamasynyň esasynda alyp barýan “Hazar” konsorsiumy Gündogar Çeleken meýdançasynda deňiz suwuny süýjediji desga üçin himiki reagentleri satyn almak üçin aşakdaky arza esasynda tender yglan edýär:

Arza № 30 25.11.2020 – 100 kg mukdarda hlor granulalary (100%).

Tendere gatnaşmak 20.04.2021 senesine çenli aşakdaky resminamalary tabşyrmaly:

  1. Dalaşgäriň marketing soraşmasyna gatnaşmak üçin ýazan arzasyny (kontakt maglumatlary we elektron poçtanyň salgylaryny görkezip, ygtyýarlandyrylan wekiliň goly we kompaniýanyň möhüri bilen tassyklanan erkin görnüşde) taýýarlamaly we görkezilen salga ibermeli;
  2. Türkmenistanyň telekeçileri Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşiginde hasaba alnan bolmaly we şahadatnamanyň göçürmesi görkezilmeli.

Giňişleýin maglumatlar, arzanyň mazmuny bilen tanyşmak hem-de arzalary almak şu salgylar boýunça amala aşyrylýar:

1. 745100, Türkmenistan, ş.Balkanabat, Atamyrat Annanyýaz ogly köçesi, 216-njy kwartal, “Hazar” konsorsiumyň edarasy.

Habarlaşmak üçin telefonlar: +993 62 59 22 31; +993 61 76 54 88.

2. 109147, RF, Moskwa, Marksistaýa köçesi, 14/16-njy jaý, 1-nji bina, «Mitro International Limited» Kompaniýasynyň Moskwadaky wekilligi.

Habarlaşmak üçin telefon: +7 495 788 55 60, faks+ 7 495 748 32 31.

Elektron salgysy: mitro13@mitromos.com; sergey.radko@mitromos.com; marketing@mitromos.com.

Çeşme: metbugat.gov.tm