Kanton​ onlaýn sergisi – halkara söwdada täzeçillik


2020-nji​ ýylda pandemiýa sebäpli dünýäniň birnäçe ýurtlarynda howa we beýleki ulag gatnawlaryna çäklendirmeler girizildi. Şunuň bilen baglylykda aragatnaşyk ulgamlarynyň üsti bilen uzakdan iş alyp barmaklyk has giňden ulanylmaga başlandy. Hatda käbir sergiler hem onlaýn usulda geçirilmäge başlandy. Bu ugurda öňde barýan ýurtlaryň biri hem Hytaý Halk Respublikasy.

Hytaýyň import we eksport boýunça onlaýn​ sergisi, ýa-da gysgaça aýdylanda Kanton​ sergisi häzirki ýagdaýlara uýgunlaşan sergileriň biridir. Bu sergä gatnaşmak ähli taraplara diýen ýaly mümkin bolup, sergä gatnaşyjylary agzalyk töleginden boşatmak we sergä 2.4 million töweregi haryt görnüşini çykarmak meýilleşdirilýär.

Onlaýn sergilerde harytlary el bilen tutup bolmaýanlygy sebäpli, müşderileriň harytlary saýlamagyna ýardam bermek we olary ýakyndan synlamaga​ mümkinçilik döretmek maksady bilen VR​ (virtual​ reality) tehnologiýalary ulanylar. Bu onlaýn serginiň ýene bir aýratynlyklarynyň biri hem haryt görnüşleriniň belli toparlara we kategoriýalara bölünmegi bilen bir hatarda, harytlary onlaýn satyn alyp bilmek we söwda gepleşiklerini geçirip bilmek mümkinçiliginiň döredilmegidir. Serginiň ýene bir gowy tarapy 10 günüň dowamynda 24 sagat işjeň bolmagyndadyr​, ýagny dünýäniň haýsy künjeginde gatnaşylýandygyna garamazdan wagt aratapawudy aradan aýyrylýar.

Kanton​ sergisi 2021-nji ýylyň 15 -24 apreli aralygynda geçiriler.