Biznes ideýa – IT kurslary barada


Photo by printcasting

Internet ulgamy, onlaýn söwda, uzakdan iş alyp barmaklyk umuman sanly ykdysadyýetiň barha ösmegi IT (Infarmasion tehnologiýalar) hünärmenlere bolan talaby artdyrdy.

Has hem 2020-nji ýylda dünýäniň köp ýurtlarynda iş berijileriň IT hünärmenlerine bolan talaby bazardaky teklipden ýokary boldy. Netijede käbir ýurtlarda gysga möhletli IT kurslarynyň köpelmegine we IT hünärmenleriniň ortaça zähmet haklarynyň ýokarlanmagyna itergi berdi.

Pandemiýa sebäpli onlaýn söwdanyň we onlaýn işjeňligiň artandygy sebäpli esasan hem sanly marketing boýunça hünärmenlere we web deweloperlere bolan talabyň artandygy çaklamak kyn däl.

Daşary ýurt tejribesine seredilende 6 aý möhletli web deweloper kurslarynyň ýokary talapdan peýdalanýandygyny görüp bolýar. Bu kurslarda berilýän sapaklary ozalky iş tejribesine we ýaşyna garamazdan islendik adam diýen ýaly özleşdirip bilýär we köplenç bu kurslary üstünlikli tamamlanlar özlerine mynasyp iş ýer tapýarlar. Ýewropada IT hünärmenlerine bolan talap teklipden iki esse, Orsýetde bolsa dört esse köp hasaplanylýar.

Şonuň üçin hem IT hünärleri boýunça gysga möhletli kurslar hödürlenen halatynda uly islegden peýdalanmagy mümkin. Munuň üçin degişli ugurlar boýunça tejribeli hünärmenleri çekmeli hem-de bazardaky teklipden we talapdan ugur alyp haýsy ugurlar (programma dili) boýunça sapak beriljekdigi kesgitlenilmeli.