Balkan welaýat häkimligi Serdar etrabynda täze, döwrebap obany gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär


Bal­kan we­la­ýat hä­kim­li­gi Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň «Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Ser­dar et­ra­byn­da tä­ze, döw­re­bap oba­ny gur­mak ha­kyn­da» Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, gu­rul­ma­ly bi­na­la­ryň, des­ga­la­ryň hem-de in­že­ner ul­gam­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin pot­rat­çy­ny se­çip al­mak bo­ýun­ça bäsleşik yg­lan ed­ýär.

Obanyň daşky we içki agyz suw, lagym, elektrik geçiriji ulgamlarynyň, daşky we içki awtoulag ýollarynyň, agyz suwuny süýjediji desgasynyň, lagym suwlaryny süzüji meýdançanyň we lagym sorujy bekediniň, oba barýan hem-de obanyň içerki gaz geçiriji ulgamynyň, şeýle hem obada

1 sany 260 orunlyk mekdebiň,

160 orunlyk çagalar bagynyň,

Saglyk merkeziniň,

Geňeşligiň,

Polisiýanyň we ýangyna garşy göreş gullugynyň edara binalarynyň,

200 orunlyk Medeniýet öýüniň,

seýilgähiň,

1 gatly, 4 otagly ýaşaýyş jaýlarynyň 32-siniň gurluşyklaryny ýerine ýetirmek.

Sal­gy­sy: Bal­ka­na­bat şä­he­ri­niň Gur­ban­sol­tan eje şa­ýo­lu­nyň 14-nji kwar­ta­ly­nyň 14-nji ja­ýy.

Ha­bar­laş­mak üçin te­le­fon bel­gi­le­ri: 2-01-04, 2-01-15.

Çeşme: metbugat.gov.tm