Maliýe ministrligi Energetika ministrliginiň «Türkmenbaşynyň asma ýoly» we Aşgabat şäher häkimliginiň «Türkmenbaşynyň ertekiler dünýäsi» döwlet kärhanalaryny hususy taraplara ynançly dolandyrmaga bermek boýunça teklipleri kabul edýär.


Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Energetika ministrliginiň «Türkmenbaşynyň asma ýoly» we Aşgabat şäher häkimliginiň «Türkmenbaşynyň ertekiler dünýäsi» döwlet kärhanalaryny hususy taraplara ynançly dolandyrmaga bermek boýunça teklipleri kabul edýändigini habar berýär.

Teklipler ynançly dolandyrmagyň taraplary üçin ykdysady taýdan esaslandyrylan bähbitli şertler baradaky maglumatlary öz içine almaly we dolandyrýan tarapyň bu ugurda baý tejribesiniň bolmagy zerur.

Teklipler 2021-nji ýylyň 23-nji iýunyna çenli Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda kabul edilýär.

Sal­gy­sy: Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Ar­ça­bil şa­ýo­lu­nyň 156-njy ja­ýy. Ha­bar­laş­mak üçin te­le­fon bel­gi­leri: (+99312) 39-46-63/69/75.

Çeşme: metbugat.gov.tm