“Türkmenstandartlary” enjamlary satyn almak üçin tender yglan edýär


“Türkmenstandartlary” baş döw­let gul­lu­gy garamagyndaky edaralara aşakdaky lot boýunça nusgalyk synag ölçeg enjamlaryny satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär.

Lot — Durmuş şertlerinde ulanylýan gaz hasaplaýjylary barlaýan nusgalyk synag ölçeg enjamlary.

Bäsleşigiň möhleti 2021-nji ýylyň 31-nji maýa çenli.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşindäki arzany tabşyryp, bäsleşik resminamalarynyň toplumyny almaly.

Bäsleşik boýunça teklipler bukjada berilmeli. Bukjada synag ölçeg enjamlary satyn almak boýunça işleriň we şol işleri ýerine ýetirmek üçin zerur bolan hyzmatlaryň maliýeleşdirilmegini milli manatda göz öňünde tutmaly.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 95-73-49; 95-73-48, 95-73-47.

Salgy: Aşgabat, Oguzhan köçesi, 201.

Çeşme: metbugat.gov.tm