Biznes oýunlar – özüňi kämilleşdirmegiň usuly


Biznes we dolandyryş bilimleri özleşdirmek üçin ulanylýan usullaryň biri hem biznes oýunlarydyr. Bu oýunlar geçen asyrda oýlanyp tapylýar we dünýäniň ähli ýurtlarynda diýen ýaly giňden ýaýraýar. Hakyky durmuşdaky gabat gelip biljek ýagdaýlaryň ählisini biznes oýunlarda göz öňünde tutmak mümkin bolmasada​, maliýe sowatlylygy artdyrmak ýa-da durmuşda üstünlige eltýän dürli kada-kanunlary özleşdirmekde peýdaly gural bolup hyzmat edýär.

Biznes oýunlaryň özbaşdak ýa-da birnäçe gatnaşyjy bilen, onlaýn ýa-da stoluň başynda oýnalýan görnüşleri şeýle-de, kärhananyň işgärleri üçin niýetlenen görnüşleri bar. Biznes oýunlarda, oýunçynyň öz öňünde goýan maksadyna ýetmegi üçin birnäçe tapgyrlardan üstünlikli geçmegi zerur bolup durýar. Bu oýunlarda esasan hem sebäp-netije baglanyşygynyň üstünde işlenilýär, ýagny, haýsy hem bolsa tapgyrlaryň birinde goýberilen ýalňyşlyk geljekki “üstünlige” ýa-da “baýlyga” ýaramaz täsir edýär.

Iň meşhur biznes oýunlaryň biri hem Robert​ Kiýosakiniň​ “Cashflow​” (pul akymy) oýnydyr​. Bu oýuna gatnaşyjy “noldan​”, ýagny, zordan günini dolaýan adam hökmünde başlaýar we oýnuň soňunda gazanjyny bütinleý passiw görnüşe öwürmegi başarmalydyr.

Şeýle-de, S​.Dawlatowyň​ “maliýe taýdan erkinlik” atly biznes oýuny hem Orta Aziýa ýurtlarynda meşhurlyk gazanýar. Bulardan başga-da “Biznesmaniýa​” ýa-da “Witronomika​” ýaly biznes we ykdysady proseslere has çuňňur çemeleşýän oýunlar hem bardyr.

Biznes oýunlary öz maliýe sowatlylygyňy barlamakda ýa-da telekeçilige täze başlanlar üçin biznes bilen baglanyşykly zerur maglumatlary çaltlyk bilen özleşdirmekde netijeli gural hasaplanylýar.