Gök önümleri we miweleri ammar şertlerinde saklap satmak


Surat: almalaryň gyş pasly üçin ammar şertlerinde saklanylyşy

“Sakla samany, geler zamany” türkmen halk nakyly. Oba hojalygynyň önümlerini, uzak möhletleýin saklamak elmydama iň esasy soraglardan biri hasaplanýar. Her bir hasylyň ýetişýän we ýygmaly wagty bolýar. Ýygylan hasyl, ýörite şertlerde saklanmasa uzak wagt durmaýar we zaýalanmak bilen bolýar. Gök önümleriň möwsümine görä bol wagty ýygnap ammarda saklamak, möwsümi geçende bolsa alyjylara hödürlemek dünýä tejribesinde iň tiz ýaýraýan biznesiň hataryna girýär, bu taslamanyň düşewüntli bolmagy üçin ammaryň önümçilik kuwwaty 1000 tonnadan az bolmazlyk maslahat berilýär. Bu işi jikme-jik öwrenip, sowatly biznes meýilnama düzülse iri bolan söwda taslama öwrüler diýip arkaýyn aýdyp bolar.

Gök önümleriň we miweleriň saklanyş şerti

Gök önümler saklamak üçin wentilýasiýa​ ulgamy iň zerur şertleriň biridir, şonuň üçin hem ammaryň gurluş tehnologiýasy esasy orny eýeleýär. Ammaryň içinde ýerleşjek enjamlar dogry saýlamak möhüm ädimleriň biridir. Önümleri ter saklamak, ýitgileriň öňüni almak, gök önümleriň aşa bişmeginiň öňüni almak, haryt görnüşini we tagamyny goramak, dogry mikroklimatyň​ döredilmegi ýagny gury we nemli howanyň sazlanmagy bilen bagly.

Gök önümleri saklamak üçin üpjün edilmeli şertler:

elektrik, suw, lagym ulgamy;

wentilýasiýa​ ulgamy;

sowadyjy we ýyladyjy enjamlar;

howa sazlaýjy enjamlar (guradyjy we nemlendirjiler​);

käbir miweleri doňduryp saklamak üçin holodilnikler​;

gök önümleri gaýtadan işlemek üçin enjamlar, ölçeýji enjamlar;

ýük geçiriji tehnikalar, ammar enjamlary;

howpsuzlyk we ýangyn duýduryş ulgamlary, wideo gözegçiligi;

hasabaty ýöretmek üçin programma üpjünçiligi;

gök önümleri saklamagyň usulyna we otagyň maksadyna (gaplar, tekçeler​) baglylykda jaýyň içerki gurluşy.

Haýsy gök önümleri we miweleri saklamaly

Ilkinji nobatda, biznes meýilnama düzmek we marketing seljermeleri geçirmek hökmany proseduralaryň biridir. Haýsy gök önümleri möwsümine görä bol wagty ýygnap ammarda saklap, möwsümi geçende bolsa bazara hödürlemek üçin ýerli bazaryň isleginden ugur almaly. Meselem Türkmenistanda ýyladyşhana biznesiniň barha ýaýramagy bilen, söwdagärler käbir önümleri ýylyň dowamynda bazarlary üpjün edýärler. Şol sebäpli ýyladyşhana şertlerinde ýetişdirip bolmaýan miweler we gök önümler göz öňüne tutulsa dogry bolar. Saklap boljak önümleriň görnüşleriniň we olaryň saklanma şertleriniň üstünde durup geçeliň;

Önüm

Saklap boljak möhleti

Ýeralma

3-7 aý*

Sarymsak

6-7 aý*

Gawun we injir

3-7 aý*

Tomus almalar

3-7 aý*

Armyt

2-5 aý*

Üzüm

3-6 aý*

*Möhleti howanyň gaz düzümine görä üýtgäp bilýär

Başgada her dürli miweleriň we gök önümleriň sanawyny giňeltmek mümkin, ähli zat önümçilik kuwwatyňyza hem-de bazaryň islegine baglydyr.

Çeşme: Portal Skladovoy.ru