Näme üçin telekeçiler kosmosa ymtylýarlar


Photo by NASA

"Kosmosa bäşinji gezek uçuşa çykmak hakda arzuw edýärin we oňa taýynlyk görýärin" Türkmenistanyň Gahrymany Kosmonawt Oleg Kononenko.Türkmenportal saýtyndan: https://turkmenportal.com/blog/21991/kosmonavt-oleg-kononenko-posetil-rodnoi-gorod-turkmenabat

Geçen asyrda älem giňişligini özleşdirmek bilen dürli ýurtlaryň hökümet edaralary meşgullanan bolsa indi bu ugurda hususyýetçiler hem has işjeň gatnaşyp başlady. Mysal, “SpaceX” kompaniýasy tarapyndan köp gezeklik ulanylmaga niýetlenen raketa göterijiniň döredilmegi ýa-da ozalkylara garanyňda has ownuk görnüşli emeli hemralaryň (sputnik) öndürilmäge başlanmagy, ýer şarynyň daşyndaky älem giňişligini täjirçilik maksatly ulanmaga bolan höwesi artdyrdy. Munuň esasy sebäpleriniň biri hem, SpaceX kompaniýasy tarapyndan ýygnalyp öndürilip başlanan “Falcon 9” atly raketa göterijisi, peýdaly ýükleri älem giňişligine çykarmak üçin ozalkylardan ýedi esse arzanlatdy.

Älem giňişligini özleşdirmek boýunça iş alyp barýan kompaniýalaryň geçen bir ýylyň dowamynda $8,7 mlrd. möçberinde maýa goýumlaryny çekendigi aýdylýar (Seraphim SpaceTech). Indiki onýyllygynyň dowamynda her ýyl ortaça 1250 çemesi emeli hemranyň älem giňişligine uçurylmagyna we olaryň 70 göterimi täjirçilik maksatly boljakdygyna garaşylýar. Mysal üçin, başga ownuk kompaniýalary hasaba almanyňda diňe Amazon kompaniýasy 3200 sany we SpaceX kompaniýasy bolsa 4400 sany emeli hemrany goýbermäge rugsat aldy. Bularyň ählisi ýakyn geljekde iri telekeçileriň bäsdeşligi älem giňişliginde boljakdygyna şaýatlyk edýär.

Älem giňişligini täjirçilik maksatly ulanmak isleýän iri kompaniýalaryň käbirleri şol sanda: “Virgin Galactic” - kosmosa syýahatçylyk işini ýola goýmakçy, “Blue Origin” - kosmosa syýahatçylyk, aýa adam gatnatmak, aragatnaşyk hemralaryny goýbermekçi, SpaceX - raketa göterijileriň önümçiligi, aragatnaşyk hemralary arkaly interneti elýeter etmek we Mars planetasyny özleşdirmekçi.