"Demirýollary" demir ýol menzilini gurmak boýunça tender yglan edýär


"Demiryollary" Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti territoriýany gowulandyrmak bilen Gökdepe etrabynda häzirki zaman demir ýol menziliniň taslamasyny düzmek we gurluşygy üçin № DÝ / AGPJ-016 AÇYK TENDER yglan edýär.

Tendere gatnaşmak isleýänler “Demirýollary” AGPJ edarasyna ýüz tutup bilerler.

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy we bank rekwizitleri, şeýle hem dalaşgäriň hasaba alyş we düzgün resminamalary, ynanç haty we pasportynyň nusgasyny goşup ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • lotuň häsiýetnamasyny we degişli tehniki talaplary almaly;
  • lot üçin 2012 manat 50 t möçberde (şeýle hem 262 manat 50 t manat GBS) töleg töläp hasap belgisini almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bäsleşik teklipli bukjalar “Demirýollary” AGPJ-niň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanýar.

Bäsleşik resminamalary iki aýratyn bukjada (tehniki we söwda teklipler) görkezilen salga ýerli wagt bilen 9.00-dan 18.00-a çenli “Demirýollary” AGPJ-niň edarasynda 1110 otagda (11-nji gat) kabul edilýär.

Tendere gatnaşmak üçin teklipler 28.06.2021 senesine çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+99312) 38-31-03, 38-31-04

Faks: 38-34-78

Türkmenistan, ş.Aşgabat, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 7

Çeşme: merbugat.gov.tm