Gurluşyk we binagärlik ministrligi kärhana gurmak boýunça tender yglan edýär


Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenis­tanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýurmagynda Lebap welaýatynyň «Buýan» obasenagat toplumynyň düzüminde buýan köküni gaýtadan işläp, arassalanmadyk glisirrizin turşusyny öndürýän kärhanany gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar bildiriş çap edilen gününden başlap, 2021-nji ýylyň 2-nji iýulyna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

44-46-36, 44-46-64, 44-46-77

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 84.

Çeşme: metbugat.gov.tm