"Invoice​" näme?


Photo by gettyimages

"Invoice​" telekeçileriň arasynda "hasap-faktura" diýlip atlandyrylýan - alyjy bilen satyjynyň arasyndaky geleşigi​ jikme-jik görkezýän möhür we gol bilen tassyklanan täjirçilik resminamasydyr. Harytlar ýa-da hyzmatlar satyn alnanda adatça hasap-faktura geleşigiň​ şertlerini görkezýär we töleg usullary barada maglumat berýär. Hasap-fakturalaryň görnüşleri - kagyz göterijide ýa-da elektron görnüşinde bolýar. Hasap-fakturalar ilkinji hasaba alyş resminamasynyň we islendik alyş - satyşyň iň möhüm elementlerinden biri hasaplanýar.

"Invoice​"-da näme görkezilýär?
Ilkinji talap edilýän zatlaryň biri hem, resminamanyň iň ýokarsynda hökman "Invoice​" sözi goýulmagy. Halkara söwdasynda bu resminamada - töleg şerti, harydyň ady, ölçeg birligi, bahasy, INCOTERMS​ görnüşi, satyja degişli ähli salgylary we beýleki şertler ýazylýar. "Buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy hakynda" Türkmenistanyň kanunynyň 6-njy maddasynda "Invoice​" resminama ilkinji hasaba alyş resminamasy hökmünde bildirilýän talaplar barada giňişleýin beýan edilýär.

"Proforma​ invoice​" näme?
Bu resminama köplenç halkara söwda amallarynda, esasanam import üçin gümrük işleri resmileşdirilende ulanylýar. Adaty "Invoice​" - dan esasy tapawudy - hasap - faktura ("Invoice​") berilmezden öň "Proforma​ invoice​" berilýär, onda geleşigiň​ esasy şertleri ýazylýar we bu resminama töleg üçin esas bolup bilmeýär.