“Orta Aziýanyň çäginde nädip millioner bolmaly” atly kitabyň awtoryndan maslahatlar


Photo by Dreamstime

Üstünlik gazanýan adamlarda üstünlige eltýän häsiýetler bolýar - olar erjellik we tutanýerlilikdir. Eger-de adamlar durmuşynda şowly bolmak isleýän bolsa hökmany suratda özlerinde bu häsiýetleri kämilleşdirmelidirler.

Üstünlik gazanmagyň iki sany esasy şerti bar: 1. Erjel we tutanýerli bolmak 2. Saýlan ugruň boýunça ussatlyga ýetmek.

Biznese itergi berjek esasy mehanizm bu harydyňa talap döredip bilmekdir – munuň üçin bolsa marketing gerek. Eger marketing ýok bolsa, biznes hem öňde-soňda ýok bolar.

Her bir haryt ömrüniň 93 göterimini (ammarda, dükanda, ýolda we ş.m. ýerlerde) durup geçirýär – siziň wezipäňiz şony azaltmak, harydyňyz näçe kän wagt dursa şonça-da gymmada düşýär – onuň sebäbi sizi kärende tölegi, salgytlar, zähmet haky, ammar we beýleki çykdajylar mydama gurşap alýar.

Işgärleriňiz işden çykanda köplenç siziň edaraňyzda edinen tejribesini hem ýany bilen alyp gidýär we ýerine gelen işgär hemmesine täzeden başlamaly bolýar. Bu ýagdaý işiň haýallamagyna getirip biler, onuň öňüni almak maksady bilen, işgärleriň näme iş edýändiginden habarly bolmak üçin edýän işleri we gazanan netijeleri barada hepdelik ýa-da aýlyk dowamly hasabat almaklygy ýola goýuň.

Köp adamlar gazanjy artan mahaly çykdajylaryny hem artdyrýarlar, ýagny, ozalkysyndan kän sowmaga başlaýarlar. Gazanjy azalan mahaly bolsa çykdajylaryny tygşytlamaga synanyşýar. Akylly adamlar gazanjy kän mahaly hem çykdajylaryny belli bir derejede saklamagy başarýarlar we şeýlelik bilen maýa toplaýarlar. Bazarda emele gelen çökgünlik döwürleri tygşytlan maýalary arkaly tersine giňemegi başarýarlar.

Biznes diýmek – adamlaryň islegini kanagatlandyryp peýda gazanmak, olara hyzmat etmek diýmekdir. Has dogrusy bir zatlar öndürmek ýa-da iş, hyzmat, hünär hödürlemekdir. Millioner bolmak isleýän bolsaň söwda et, haryt öndür, milliarder bolmak isleýän bolsaň üýtgeşik bir aktiw (zat) oýlap tap.

Her güniň ahyrynda öz maksadyňa ýetmek üçin haýsy işleriň ýerine ýetirilendigi barada hasabat ýörediň.

Beýan edilen biznes maslahatlar Orta Aziýaly meşhur telekeçi we kouç Saidmurod Dawlatowyň internetde ýerleşdiren açyk maglumatlarynyň esasynda taýýarlanyldy.