Gurluşyk ministrligi ýaşaýyş jaýy gurmak hem-de taslamasyny düzmek boýunça tender yglan edýär


Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ulag we kommunikasiýa pudagynyň işgärleri üçin Tehniki tabşyryga laýyklykda ähli amatlyklary bolan has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan, jemi 300 hojalyga niýetlenen 5 sany 4 gatly ýaşaýyş jaýyny ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak hem-de taslamasyny düzmek boýunça bäsleşik yglan edýär.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar şu bildirişiň çap edilen gününden başlap, 2021-nji ýylyň 22-nji iýulyna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

44-46-36, 44-46-64, 44-46-77

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 84.

Çeşme: metbugat.gov.tm