Saglygy goraýyş ministrligi gerekli harytlary satyn almak boýunça tenderiň möhletini uzaldýar


Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotlarda görkezilen harytlarysatyn almak boýunça öň yglan edilen bäsleşigiň möhletini uzaldýar.

Lot№7— Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Köpetdag geňşeşliginiň täze Saglyk öýi üçin lukmançylyk enjamlaryny we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak.

Lot№8— Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň täze Saglyk öýi üçin lukmançylyk enjamlaryny we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak.

Lot № 9 — Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginiň täze Saglyk öýi üçin lukmançylyk enjamlaryny we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak.

Lot№10— Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginiň täze Saglyk öýi üçin lukmançylyk enjamlaryny we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak.

Lot№11— Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap hassahanasy üçin lukmançylyk enjamlaryny we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak.

Lot№15— Saglygy goraýyş anyklaýyş merkezi üçin lukmançylyk enjamlaryny we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak.

Lot № 27 — Lebap welaýatynyň Darganata etrap hassahanasynyň Gazojak şahamçasy üçin lukmançylyk enjamlaryny hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşindäki arzany tabşyryp, resminamalar toplumyny almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap arza tabşyrylanda berilýär.

Bäsleşik boýunça teklipler 02.09.2021 ý. senesine çenli Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 40-04-79.

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 20.

Çeşme: metbugat.gov.tm.