Biznes aýlawlar – telekeçi bu barada näme bilmeli


Photo by CNBC

Biznes aýlaw (iňls. Business cycles) – diýlip ykdysadyýetiň ösüp ýene-de pese düşüşini öz içine alýan döwrüne aýdylýar, bazar ykdysadyýetinde hökmany döreýän ýagdaýlaryň biri hasaplanýar. Biznes aýlawlar barada bilmek- telekeçiler üçin örän peýdalydyr. Oňa “Ykdysady sikl” hem diýilýär. Kompaniýalar we telekeçiler biznes aýlawlara gözegçilik etmekden ötri, beýle döwürde işläp peýda gazanmaga mejbur bolanlary üçin, aýlawlara garşy öz strategiýalaryny düzmelidirler.

Biznes aýlawlaryň tapgyrlary we möhleti

Aýlaw barada habar berýän esasy faktorlar: jemi içerki önüm, sarp ediş, karzyň göterim derejeleri we inflýasiýadyr. Biznes aýlaw 4 sany tapgyrdan ybarat bolýar: 1. Ösüş - ykdysadyýetiň ösüp başlamagy 2. Ykdysadyýetiň çürdepä barmagy - ykdysady ösüşiň iň ýokary nokady 3. Aşak iniş - ykdysadyýetiň iň pes nokada tarap inmegi 4. Iň aşaky nokat - ykdysady çökgünligiň iň pes nokady, ol uzak dowam etmeýär we täzeden ösüp başlaýar.

Köp ykdysatçylaryň öwrenýän iň esasy ugurlaryndan biri ykdysady aýlawlardyr. Dünýä tejribesinde, bu aýlawlaryň dowamlylygyny ölçeýän, ösüşi we peselişi synlaýan ylmy merkezler bar. Aýlawlaryň dowam edýän möhletine ykdysatçylar dürli möhlet berýärler. Jozef Kitçiniň aýlawlary gysga 2-3 ýyl möhletli hasaplanýar; Kleýment Juglaryň aýlawlary orta möhletli 7-11 ýyl hasaplanýar.

Ykdysady aýlawlaryň sebäpleri

Ykdysady aýlawlaryň takyk sebäplerini we wagtyny öňünden çaklamak mümkin däl. Ykdysadyýet mekdepleri onuň sebäplerini dürli – dürli düşündirýärler. Mysal üçin, monetaristler karz göteriminiň derejeleriniň sarp edijileriň çykdajylaryna we ilatyň ykdysady işjeňligine gönüden-göni täsir edýändigini göz öňünde tutup, döreýän aýlawy karz syýasaty bilen baglanyşdyrýarlar. Keýnsiň tarapdarlary bolsa, ykdysady aýlawyň, sarp edijileriň we maýadarlaryň isleglerine eksport edilýän harytlaryň bahalarynyň üýtgemegi sebäpli öz gezeginde ilatyň çykdajylaryna we işjeňligine täsir edýär diýip çaklaýarlar.

Ykdysadyýetiň ösýän döwründe inwestorlar tehnologiýa, harytlar önümçiligi we gaýry önümçiliklere maýa goýmaga çalyşýarlar. Çökgünlik döwründe bolsa olarda maliýe sektoryna, saglygy goraýyş, azyk önümçiligi we ş.m. çökgünlik döwründe ösýän kompaniýalara maýa goýmak meýli döreýär.