Ýyladyşhana önümçiligini gurnamak we ýerlemek


Photo by istockphoto

Türkmenistanda oba hojalygynyň ýylsaýyn ösmegi bilen ýyladyşhana usulynda ekin ekmekligiň täze tehnologiýalary işläp taýýarlanýar. Mysal üçin, Marynyň daýhanlary ýyladyşhanada banan nahallaryny ösdürip ýetişdirmegi başardylar. Häzirki wagtda olar her möwsümde ortaça 70 tonna taýýar banan hasylyny ýygýarlar. Döwrebap ýyladyşhanalar - bu ýylyň dowamynda dürli ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin ýagty geçiriji materiallardan (esasanam polikarbonatdan) ýasalan ýörite jaý. Ýyladyşhanalary öndürmek we gurnamak işi beýleki telekeçilik işleri bilen deňeşdireniňde, özüniň ýönekeýligi bilen tapawutlanýar. Esasy zat, biznes ideýäňyza isleg döretjek; ýagny marketing - adamlaryň öz ekin ýerlerinde ýyladyşhanalara eýe bolmak meýlini döretmek üçin teklip berip bilmekden ybaratdyr.

Ýyladyşhana biznesine başlamazdan ozal ilki bilen, ýyladyşhananyň esasy görnüşleri bilen tanyş bolmaly, görnüşleri boýunça olar iň amatly we meşhur görnüşi arka görnüşindäki ýyladyşhanalardyr. Bu şekildäki ýyladyşhanalar ýele, agrama we ýagtylyk geçirijiligi boýunça amatly hasaplanýar. Ýyladyşhananyň içiniň gurluşy barada aýtsak, olar ýönekeýinden başlap akylly bolan awtomatlaşdyrylan görnüşlerine çenli dürli bolýarlar.

Ýyladyşhanada ulanylýan materiallar hem uly orna eýedir, gyşyň güni ekinlere gerekli bolan gün şöhlesini geçirijiligi boýunça hilli bolmasy talap edilýär. Islendik ýyladyşhana gurluşy boýunça inženerçilik talaplaryna gabat gelmegi möhümdir. Bu talaplary göz öňünde tutup, işiňize inžener we agronomçy bilermenleri işe kabul etmeklik zerurçylygy ýüze çykýar.

Polikorbonatdan ýasalan ýyladyşhanlar giňden ýaýrandyr. Polikorbonatyň ýaramlylyk möhletiniň uzaga çekmegi we gün geçirijiligi bilen tapawutlanýar. Ýyladyşhanalaryň sütünlerini agaçdan, demir, alýumin profilinden, turbalardan we ş.m. esbaplardan gurnaýarlar. Biznesiň giňemegi bilen, akylly bolan awtomatlaşdyrylan görnüşlerini gurnamak hyzmatyny hem ýola goýmak mümkindir bolar.

Häzirki wagtda ýyladyşhana gurnamaklyk biznesiniň oňyn tarapy - bu Türkmenistanda ýyladyşhanalardan alynýan hasyllar ýurduň içindäki bazarlarda satmaklyk we daşarky bazarlara eksport etmeklik doly ýola goýuldy. Şol sebäpden ýyladyşhana gurnamak biznesini ýola goýsaňyz dogry ugry saýladyňyz diýip hasap edip bilersiňiz. Işiň öz- özüni ödemegi 1-2 ýyla çenli dowam edip biler.