Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky suwaryş ulgamyny gurnamak boýunça tender yglan edýär


Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Aşgabat şäheriniň Gökdere — Arçabil şaýolunyň aralygynda ýerleşýän meýdanyň 50.07 gektar bag ekilen böleginde we şäheriň Ýalkym ýaşaýyş toplumynyň günorta tarapyndan banka bölünip berlen meýdanyň 44.28 gektar bag ekilen böleklerinde damjalaýyn usulda suwaryş ulgamyny gurnamak boýunça açyk görnüşli bäsleşigi yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän taraplar degişli maglumatlary bankyň merkezi edarasyndan sagat 9:00-dan 17:00-a çenli alyp bilerler.

Bäsleşik boýunça teklipler 02.08.2021 ý. senesine çenli kabul edilýär.

Telefon belgileri: (+993 12) 40-64-41, 40-62-58

Türkmenistan, ş.Aşgabat, Garaşsyzlyk şaýoly 32.

Çeşme: metbugat.gov.tm.