Biznese başlamak üçin, durmuşdan tälim almalymy ýa-da biznes tälimçiden?


Surat: Kanadaly millioner biznes tälimçi Dena Loka

Soňky ýyllarda biznes tälimçilik aýratyn uly bir pudaga öwrülip barýar. Ir döwürler biznes tälimçilere üns berilmedik bolsa, indi olara zerurlyk hökmünde garalýar. Halkara kouçing federasiýasynyň maglumatlaryna laýyklykda 2013-nji ýyldan 2018-nji ýyl aralygynda biznes tälimçileriň sany 50 göterim artyp, 33000 müňe ýetipdir. Pudakdaky aýlanýan puluň möçberi bolsa takmynan $3-4 milliard dollara barabar.

Biznes tälimçiler - hyzmat haky, bilimi, ussatlygy we ýene birnäçe görkezijileri boýunça dürli bolýarlar. Adatça, biznes tälimçiniň abraýy näçe ýokary bolsa, gazanjy hem şonça gymmat bolýar. Meselem, dünýä belli biznes kouçlaryň biri Antoni Robbins, iň naýbaşy biznesmenler üçin hödürleýän tälimçilik hyzmatynyň ýyllyk tölegi $70 müň dollara barabar. Ussat biznes tälimçi bolmaklyk psihologiýa, maliýe, ykdysadyýet, medisina, dolandyryş, jemgyýetçilik we beýleki bilimlerden sowatly bolmagy talap edýär.

Ussatlyk derejesi, tejribesi we bilimi bolan biznes tälimçiniň maslahatlary hakykatdan hem peýda berýär. Fizikanyň kanunlarynyň ähli ýerde birmeňzeş bolşy ýaly, biznes äleminde hem ol şeýledir, tälimçileriň funksiýasy olaryň aýaga galyşy we goýberen ýalňyşlyklary barada öwretmek hem-de diňleýjiniň wagtyny we serişdelerini tygşytlamaga ýardam bermekden ybarat. Biznes tälimçiniň ussatlygyny görkezýan esasy görkezijileri; 1.Tälimçiniň biznesde ýeten derejesi 2. Tälimçiniň ýetişdiren adamlarynyň gazanan netijeleridir.

Biznes tälimçi hernäçe güýçli we ussat bolsa-da, ahyrky netije diňleýjä (şägirde) baglydyr, sebäbi tälimçi diňe gural bolup hyzmat edýär, bu guraly iş ýüzünde ulanmak ýa-da ulanmazlyk bolsa diňleýjä bagly.