Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy programma üpjünçiligi bilen üpjün etmek boýunça tender yglan edýär


Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen,Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň işini awtomatlaşdyrmak boýunça programma üpjünçiligini işläp düzmek we ornaşdyrmak üçin bäsleşik yglan edýär. Ähli gyzyklanma bildirýän edara-kärhanalar bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar.

Bäsleşik boýunça teklipler 11.08.2021 ý.senesine çenli (soňky güni sagat 18:00-a çenli) bukjada kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 48-48-69, 48-49-16.

Türkmenistan, Aşgabat ş.,Garaşsyzlyk şaýoly 63.

Çeşme: metbugat.gov.tm.