«Türkmenistan» banky «Talyp karzy» atly bank karzyny hödürleýär.


«Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky ýaşlary goldamak, olaryň döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek, hünärlerini kämilleşdirmek babatda amatly mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, «Talyp karzy» atly bank karzyny hödürleýär.

«Talyp karzy» ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplara okuwyň bahasyny tölemek üçin nagt däl görnüşde, gaýtadan dikeldilýän karz ugry boýunça berilýär. Karzyň möçberi 10 000 manada çenli bolup, ýyllyk 8 göterim bilen okuw döwrüniň möhletine görä berilýär. Karzyň üpjünçiligi hökmünde girew emlägi ýa-da üçünji tarapyň zamunlygy talap edilýär.

«Talyp karzyndan» peýdalanmak üçin bankyň merkezi edarasyna ýa-da şahamçalaryna ýüz tutup bilersiňiz.

Ha­bar­laş­mak üçin te­le­fon bel­gi­le­ri­: 44-02-65, 44-03-04.

Şa­ham­ça­la­ryň sal­gy­la­ry we te­le­fon bel­gi­le­ri ban­kyň res­mi www.tnbk.tm in­ter­net sa­hy­pa­syn­da ýer­leş­di­ri­len­dir.

Çeşme: metbugat.gov.tm.