Ykdysadyýet: näme üçin sygyrlary gyzyl kitaba salmaýarlar?


Ýer ýüzündäki käbir haýwanlaryň täjirçilik bähbidi bolýar. Şol sebäpli olaryň köpüsine bütinleý ýer ýüzünden ýok bolmak howpy abanýar. Mysal üçin, şahlary gymmat hasaplanýan we uly islegden peýdalanýandygy sebäpli hindi nosoroglar howp astyndadyr, emma şol bir wagtyň özünde sygyrlaryň eti gymmatly sarp ediş önüm hasaplanyp, islegden peýdalansada, sygyrlara hiç kim ýok bolmak howpy bar diýip aýdyp bilmez.

Bu näme üçin beýle?

Garward uniwersitetiniň professory Gregori Menkiw “Ekonomiksiň ýörelgeleri” atly kitabynda muny şeýle düşündirýär: "Ýer ýüzündäki haýwanlaryň köp görnüşi ýitip gitdi we şu gün hem bu dowam edýär. Ýewropalylar ilkinji gezek Demirgazyk Amerika gelenlerinde, bu yklymda 60 milliondan gowrak bison öküzleri mesgen tutýardy. Aw awlamagyň barha meşhur bolmagy bilen, 20-nji asyryň başynda ABŞ-da bu haýwanlaryň bary- ýogy 400 ýakyn sany galypdyr. Netijede, bu haýwanlaryň ýok bolmak howpy astynda galanyndan soň olary goramak üçin kanunlar kabul edilipdir. Häzirki wagtda Aziýanyň we Afrikanyň käbir ýurtlarynda pil süňki üçin brakonýerler tarapyndan köp sanda piller ýok edilýär, olaryň sany bolsa ýyl – ýyldan azalýar.

Näme üçin pil süňküne bolan isleg pilleriň ýitip gitmek howpuny döredýär, emma sygyr eti sygyrlaryň diri galmagynyň kepili bolup durýar? Onuň iň esasy sebäbi hem, sygyrlar hususy eýeçilige degişlidir, piller bolsa jemgyýetiň eýeçiligine degişlidir, ýagny pilleriň belli bir eýesi ýok bolany üçin. Brakonýerler peýda gazanmak maksady bilen, mümkin boldugyça köp pili ýok etmäge synanyşýarlar, pilleri gorap saklamak olar üçin gyzykly däl. Fermadaky sygyr bolsa daýhanyň şahsy emlägidir, ol olaryň sanyny artdyrmaga synanyşýar, onuň esasy sebäbi sygyrdan önýän et ýa-da süýt oňa bähbit berýär. Pil saklap peýda gazanmak isleýän fermerlere pilleri hususy eýeçilige geçirmäge rugsat berilse, olar hem sygyrlar ýaly köpelip ýaşap diýip arkaýyn aýdyp bolar."