TNGIZT awtomatlaşdyrylan energiýa serişdeleri hasaba alyş ulgamy döretmek boýunça tender yglan edýär


Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny harytlar bilen üpjün edijileri tender esasynda kesgitleýän toparyň adyndan Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda awtomatlaşdyrylan energiýa serişdelerini hasaba alyş ulgamyny döretmek üçin toplumlaýyn işleri meýilleşdirmek we geçirmek boýunça halkara tender yglan edýär.

Size Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň HYG bölüminde teklip edilýär:

  • bäsleşige gatnaşmaklyga isleg bildirýän gatnaşyjynyň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri we habarlaşmak üçin telefon belgileri görkezilen ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • Türkmenistanyň nebitgaz toplumy üçin satyn alyjylary saýlamak boýunça halkara bäsleşiklerini geçirmegiň Düzgünleri bilen tanyş bolmaly;
  • 1725 amerikan dollary möçberde tender tölegini töläp bäsleşik teklipli bukjany almaly

Bäsleşik boýunça tehniki talaplar bilen www.tngizt. gov.tm/tenders internet saýtynda tanyşyp bilersiňiz.

Bäsleşik boýunça teklipler 07.10.21 ý. senesine çenli kabul ediler.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bäsleşik teklipleri görkezilen salga eltmeli, resminamalara hasap belgisine pul serişdeleri geçirilenden soňra serediler.

Söwda tekliplerini iki sany möhürlenen bukjada tabşyrmaly. Birinji bukjada tehniki häsiýetnamalar, ikinji bukjada bolsa hödürlenýän önümleriň bahalary görkezilen bolmaly.

Habarlaşmak üçin telefonlar: +993243 96-0-67, 96-1-79

Faks: +993243 2-11-49, 2-03-89

Elektron salgysy: tngizt@online.tm

Adres: Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş.

Çeşme: metbugat.gov.tm.