Öz işiňi açmak üçin maslahat berilýän 7 hazyna


Photo by depositphotos

Ertekilerde ýa-da filmlerde, adamlar baýamak üçin hazyna ýa-da hum gözleýärler. Ýöne munuň hakykat däldigine hemmämiz düşünýäris. Hakyky hazyna zähmet çekmekde, hünär öwrenmekde we okamakda bolsa gerek. Telekeçilik işine başlamak üçin halkyň arasynda 7 hazyna diýip haýsy ugurlary göz öňünde tutýarlar:

1. Ekin ekmek

Daş – töweregiň döwrebaplaşýandygyna​, durmuşymyzda tehnologiýalaryň giňden orun tutýandygyna garamazdan, adam mydama ekinde ýetişýän hasyla mätäçdir. Şol sebäpli ekerançylyk işi iň düşewüntli biznesleriň biri hasaplanýar.

2. Ownuk şahly mal ýetişdirmek

Mysal, Türkmenistanda giňden ýaýran garaköli goýunlary barada aýdanymyzda, ondan alyp bolýan önümler – haly dokamakda ulanylýan ýüň, ýokary tagamly et, gymmat bahaly we unikal​ hasaplanýan derisidir, ol dürli reňkler we öwüşginlikler​ bilen tapawutlanýar. Bu goýunlar sanlyja ýurtlarda ýetişdirilýär Türkmenistandan başga, Özbegistan, Owganystan, Günorta Afrika, Gazagystan, Yrak, Rumyniýa​ we Moldowada​ ýetişýär. Ýene bir üýtgeşik goýun barada – saýtymyzyň geçen sanlarynda ýazan makalalarymyzdan gissar tohumly goýunlar barada hem gyzyklanyp okap bilersiňiz.

3. Ylym-bilim we hünär öwrenmek

Maliýeçiler​ gazanjy ikä bölýär, aktiw we passiw görnüşe, birinji ýagdaýda zähmet we wagt sarp edilýär, ikinji ýagdaýda bolsa maýa (pul) sarp edilýär, başgaça aýdanymyzda eliňizdäki puluňyz size derek işleýär.

Elmydama bolşy ýaly bu gün hem, bütin dünýäde bolup geçýän tehnologiki öňe gidişlikler esasynda diňe maýa goýum arkaly däl-de eýsem-de öz hünäriňiz ýa-da bilimiňiz arkaly passiw gazanç etmeklige mümkinçilikler bar. Geljekde peýda getirjek hünärler barada has giňişleýin biziň “Geljegiň hünärleri ýa-da geljekde kim bolmaly” atly makalamyz bilen tanşyp bilersiňiz.

4. Dokma ugry

Türkmenistanda dokma senagaty iň öňde baryjy pudaklaryň biri bolup çykyş edýär, bu pudagyň önümleri dünýä eksport edilýär, 2020-nji​ ýylda eksport edilen önümleriň möçberi ortaça $​ 350 mln. möçberden ybarat boldy. Tekstil boýunça öz işiňi açmak üçin iki ugurdan birini saýlap bolýar; 1. Fabrikalaryň​ taýýar çykarýan önümlerini alyp içerki ýa-da daşarky bazara ýerlemek 2. Çig maldan özüň taýýar önüm öndürip satmak. Ikisinden haýsy amatlydygyny bilmek üçin marketing işlerini we maliýe seljermeli geçirmek zerur.

5. Towuk ýetişdirmek

Bazarda towuk etine we ýumurtgasyna bolan islegiň elmydama ýokary bolýandygyny göz öňüne tutanyňda, öz guşçulyk fermaňyzy açmaklyk iň bir düşewüntli biznesleriň biri bolar diýsek ýalňyşmarys. Bu barada biziň “Öý towuklaryny ýetişdirmek” atly makalamyzda has giňişleýin tanşyp bilersiňiz.

6. Köneler mädiýan​ (tohum baýtal) ýetişdirip satmaklygy 7 hazynanyň biri diýip hasaplan bolsalar, bu günki günde oňa awtoulag söwdasy diýsek ýalňyşmarys.

Awtoulag söwdasynyň bähbitleri;

1. Awtoulagyň ulanylan köne hem-de täze görnüşini satmaga mümkinçilik bolýar 2. Gapdaly bilen ätiýaçlyk şaýlary, hyzmat we ş​.m​. başgada ugurlary açmaklyk mümkinçiligi 3. Bu ugurda üýtgeşik bilmeli ýa-da öwrenmeli kyn bir zadyň bolmazlygy 4. Ýokary düşewüntlilik.

Awtoulag söwdasynyň ýetmezçilikleri;

1. Uly möçberde gerek bolan maýa goýum 2. Goýulan maýa goýumy uzak möhletde ödeýär.

7. Iri şahly mal ýetişdirmek

Iri şahly mal ýetişdirmek adamzadyň iň gadymy peýda berýän hünärlerinden biridir. Bu gün hem bu işe akyl bilen çemeleşilse​ girdeji gazanmaga mümkinçilik bolýar. Eger bu işiň maýa goýumy barada pikirlenip görsek ähli zat taslama baglydyr, sygyr fermasy näçe döwrebap bolsa şonçada ilkinji maýa möçberi köp gerek bolar. Iň optimal görnüşi 10 sany sygyrdan ýa-da öküzden başlamak.