Milliarderler näme üçin köp kitap okaýarlar


Biznes äleminde öz işlerini üstünlikli açyp, beýik derejelere ýetmegi başaran meşhur telekeçileriň köpüsinde kitap okamak, has dogrusy köp kitap okamak endikleri bar. Elbetde, olar çem gelen kitaby okaman, eýsem-de dünýägaraýşyňy we bilimiňi artdyrýan ýa-da alyp barýan işiňi ösdürmäge kömek etjek kitaplary okaýandyklaryny bellemek gerek. Olaryň köpüsi okuwy ýa-da mekdebi taşlan bolsada, kitap okamagy taşlamandyklaryny hem bellemeli. Olaryň käbirleriniň üstünde durup geçeli:

Milliarder Warren Baffetden: “Üstünligiňiziň syry nämede?” diýip soranlarynda “Her gün 500 sahypa kitap okaň” diýip jogap berýär Amerikaly mediamagnat Mark Kuban her gün üç sagadyny kitap okamaga bagyş edýär . Microsoftyň esaslandyryjysy Bill Geýts ýylda 50 sany kitap okaýar. Ilon Maskdan: “Raketalaryň ýasalyşyny nädip öwrendiň” diýip soralanda ol: “Kitap okamak arkaly” diýip jogap berýär. Ilon Maskyň häzire çenli ýekeje biznes taslamasy hem şowsuz bolmady.

Publisist we alym Tomas Korli ylmy barlag şeklinde 361 sany adamyň endiklerini öwrenýär, olaryň 233 sanysy baý adamlardan, 128 sanysy bolsa garyp adamlardan ybarat bolýar. Ol geçiren barlagynyň netijesi boýunça aşakdaky endiklere şaýat bolýar:

Etmeli işleriň sanawyny baý adamlaryň 81 %-i, garyp adamlaryň bolsa 9 %-i düzýär.

Baý adamlaryň 63 %-i, garyp adamlaryň bolsa 5 %-i boş wagtlaryny audiokitap diňläp geçirýärler.

Baý adamlaryň 88 %-i, garyp adamlaryň bolsa diňe 2 %-i her gün bolmanda ýarym sagat kitap okaýar.

Baý adamlaryň 74 %-i, garyp adamlaryň bolsa diňe 1 %-i öz çagalarynda üstünlige eltjek endikleri terbiýelemäge çalyşýarlar.

Baý adamlaryň 86 %-i, garyp adamlaryň bolsa 5 %-i elmydama özüňi kämilleşdirmeli diýip hasaplaýarlar.

Tomas Korliniň adamlaryň endikleri barada çykaran netijeleri dowamly amala aşyrýan hereketlerimiziň durmuşymyza nähili täsir edýändigini görkezýär.