“Tatneft” turba kesiji enjamy satyn almak boýunça tender yglan edýär


Şertnamanyň goşmaça Ylalaşygyna laýyklykda öz işini alyp barýan “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy SDU turba kesiji enjamy (sanly dolandyryş ulgamly) satyn almak boýunça tender yglan edýär.

Tendere gatnaşmak üçin “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasynyň edarasyna ýüz tutup bilersiňiz:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
  • tenderiň şertlerini almaly (tehniki talaplar).

Tendere gatnaşmak boýunça teklipler 05.08.2021 ý.senesi ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär.

Söwda teklipleri möhürlenen bukjada berilmeli.

Habarlaşmak üçin telefonlar: +993 222 64366.

Elektron salgysy: b.halilulin@mail.ru.

Adres: Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat, T.Satylow köçesi, 59.

Çeşme: metbugat.gov.tm.