Üstünlik gazananlaryň üstünligini gaýtalamak mümkinmi?


"Amazon​", "Google​" ýa-da "Apple​" ýaly kompaniýalaryň we olaryň döredijileriniň üstünlik wakalary barada köp kitaplaryň we terjimehallaryň ýazylandygyna garamazdan, şuňa meňzeş kompaniýalar her on-ýigrimi ýylda bir gezek peýda bolýarlar. Ýa-da “Amazon​” ýaly iri kompaniýany esaslandyryjy Jeff​ Bezos​ öz işine garažda​ başlan bolsa we onuň ilkinji iş stoly köne gapylardan ýasalan bolsa, öz işiňe garažda, şeýle stolda işläp başlamak geljekde ösmekligiň alamaty bolup bilermi? Şeýle kompaniýanyň ýa-da şahsyň üstünlik taryhyny we eden işlerini okamak we öwrenmek arkaly şowly bolup bilersiňizmi? Ýa-da her bir üstünlik bu - nesibemi?

Ikinji jahan urşunda statistikaçy​ matematik Abraham Wald​, söweş tabşyrygyndan gaýdyp gelýän harby uçarlardaky garşydaşyň okunyň degen ýerlerini öwrenýär. Ol ok degen ýerleri gözden geçirip, uçarlaryň niresini berkitmek gerekdigi barada seljerme geçirýär. Netijede okuň degmedik ýerlerini berkitmekligiň gerekdigi baradaky pikiri öňe sürýär, onuň çaklamasy boýunça, eger uçar sag-aman yzyna gaýdyp gelen bolsa ok degen ýerlerini berkitmek möhüm däl diýip hasaplaýar. Uruş gutarandan soň tokaý batgalyklaryna urulyp düşürilen harby uçarlary çykaranlarynda, Abrahamyň​ öňe süren pikiri dogry bolup çykýar, ýagny öň okuň degmedik ýerlerine onuň berkitmeli diýen nokatlaryna - hereketlendirijilere​, ýangyç ulgamyna we uçarmanyň​ kabinasyna​ zeper ýetirendigini görýärler. Şol wagtlar inženerler statistikany we netijäni diňe gaýdyp gelen uçarlara esaslanyp düzüpdirler, yzyna gaýdyp gelmedik uçarlara degen oklar we olaryň ejiz ýerleri baradaky maglumat hiç kimde bolmandyr.

Bu ýagdaýa biznes äleminde hem duş gelse bolýar. Köp adamlar telekeçileriň üstünlige nädip ýetendigi barada gyzyklanma bildirýärler olaryň terjimehalyny öwrenýärler, okuwlaryna gatnaşýarlar, emma ol üstünligi gaýtalap bilmeýärler. Munuň esasy sebäbi hem, Abrahamyň​ statistikasyndaky ýaly üstünlige ýeten şahsyýetleriň ýa-da kompaniýalaryň terjimehallarynda we kitaplarynda, berilýän maglumatlaryň aglaba bölegi daş töweregiňi ähli amatlyklar gurşap alanda özüňi nähili alyp barmalydygy baradaky maglumatlardyr. Emma iň gymmatly we zerur maglumatlar, öz işini gurmaga synanyşan we şowsuzlyga uçran adamlarda bolýar, ýöne olar kitap ýazmaýar we okuwlary gurnamaýarlar, olar kitap ýazyp, okuwlar gurnasada​ hiç kim olaryň kitaplaryny satyn almazdy okuwyna bolsa gatnaşmazdylar.