Şweýsariýanyň banklary


Şweýsariýanyň banklary dünýäniň iň möhüm maliýe guramalary hasaplanýar. Banklaryň birinji derejeli abraýyny berk gözegçilikde saklanýan bank syry we iň ýokary hyzmat standarty üpjün edýär. Gadymdan Ýewropada ýygy-ýygydan bolan uruşlar sebäpli, köp adamlar üçin bu ýurduň banklarynda öz süýşürintgilerini saklamak däbe öwrülipdir. Şweýsariýa daşary ýurtly goýumçylaryň gizlinligini we goraglylygyny üpjün etmek üçin dürli kanunlar kabul edip banklaryň durnuklylygyny ýokarlandyrýar. Banklaryň ygtybarlylygyna 1815-nji ýylda kabul edilen ýurduň bitaraplygy hem öz goşandyny goşdy, şondan bäri Şweýsariýa hiç bir harby çaknyşyklara gatnaşmadyk. Adam sany 8 milliondan ybarat bolan bu ýurtda 300 -den gowrak täjirçilik banklary hereket edýär we olaryň aktiwi trillionlarça ABŞ dollaryna barabardyr. Iki sany halkara banky iň iri banklar hasaplanýar - "UBS​" we "Credit​ Suisse​, olaryň paýy Şweýsariýa banklarynyň umumy aktiwiniň 50 % -ini emele getirýär. Adaty banklardan tapawutlylykda, bu banklar göterim bermek şerti bilen depozit çekmeýärler we girew garşylygynda karz bermeýärler.

Bankyň, peýda gazanýan maliýe guraly “ynam esasyndaky dolanyşyk” bolup durýar – pul serişdeleri müşderiň bähbidine dolandyrylýar (bank maliýe bazarlara we gazna biržalara gatnaşýar). Gazanylan girdejiden bank, öz hyzmaty üçin peýdany galdyryp, galan bölegini müşderiniň hasabyna goýýar. Müşderi peýda salgydyndan boşadylýar. Beýleki ýurtlaryň köpüsinde bu salgydyň göterimi 15 % bilen 50 % arasynda bolýar.

Şweýsariýa banklary rezident däller üçin hasap açýarmy?

Şweýsariýanyň raýaty bolmadyk adamlar üçin banklaryň hemmesi bank hasabyny açyp bermeýärler. Daşary ýurtlulara hasap açmaklygy, bu ugurda ýöriteleşen banklar tarapyndan amala aşyrylýar. Onuň üçin müşderi onuň şahsyýetini we kapitalyň​ gelip çykyşyny düýpli seljerýän proseduradan​ geçýär. Hasap açmak üçin goýuma talap edilýän iň az, her bir aýratyn ýagdaýa bagly 500,000 - 1,000,000 çenli şweýsar franky möçberinde talap edilýär bu ABŞ dollarynda 553,000 – 1,100,000 aralygynda bolýar. Bankyň gizlinlik syýasaty, 1713-nji ýylda kabul edilen Bank syry hakyndaky Kanun bilen üpjün edilýär. Şeýle-de bolsa, 2014-nji ýylda döredilen salgyt maglumatlaryny awtomatiki ýagdaýda alyş-çalyş etmegiň ulgamy döredildi, bu ulgama girýän ýurtlaryň şol sanda Şweýsariýanyň hem banklary ýerli salgyt gullugyna rezident dälleriň bank hasaplary barada maglumatlary bermäge borçlanýar​.