Biotehnologiýalar​a pul goýmak


Photo by sarvgyan

Soňky döwürde inwestisiýa etmek üçin biotehnologiýa kompaniýalary meşhur pudaklaryň birine öwrüldi. Bu pudagyň nähili ösýändigini görmek üçin, gen üýtgetmekde ulanylýan CRISPR​/Cas9​ tehnologiýasynyň üstünde durup geçeliň. CRISPR​ (iňlis. Clustered​ Regularly​ Interspaced​ Short Palindromic​ Repeats​) - bu gen üýtgetmekde ulanylýan tehnologiýanyň bir görnüşidir.

Adamzat taryhynda ösümlikleriň, haýwanlaryň we adamlaryň genlerini​ gysga wagtyň içinde üýtgedip boljak beýle gural hiç haçan bolmadyk. Bu tehnologiýanyň üsti bilen oba hojalyk önümleriniň tagamyny we görnüşini üýtgetmek, antigenleri​ kesmek, yssa we ölüm howply kesellere has çydamly etmek we başgada zatlary üýtgetmek mümkin. Bu tehnologiýa öý haýwanlarynyň genomyny​ üýtgetmek üçin hem ulanylyp bilner.

Lukmançylykda bu tehnologiýanyň birnäçe keselleriň hatda rak keseliniň öňüni almak üçin hem ulanylmagyna garaşylýar. CRISPR​/Cas9​ özüniň düşnükli bolandygy sebäpli şu wagta çenli bu ugurda meşhur bolan tehnologiýalaryň hemmesinden öňe geçýär. Bir geni​ üýtgetmekligiň bahasy $75​ barabar bolup birnäçe sagadyň içinde üýtgetmek mümkindir. Gyzykly tarapy, tehnologiýa ýer ýüzünde bolan islendik biologiki organizm bilen işleýär.

Köp ýagdaýlarda biotehnologiýa pudagy iň ýokary töwekgelçiligi bolan maýa goýum hasaplanýar. Bu kompaniýalaryň işleýiş usuly: bir medikament​ synalyp bazara çykarylýança maliýe ýitgileri çekýär. Kompaniýa tarapyndan birje şowsuz çykarylan medikamentiň​, onuň aksiýasynyň bahasyny 50 % -e​ çenli pese düşürip bilýär. Edil şonuň ýaly, bir derman üstünlikli synagdan geçse we köpçülikleýin öndürilse, maýa goýumyň girdejisi gaty ýokary bolýar. Şol sebäpli synaglary geçirmek we medikamenti​ bazara çykarmak maksatly kompaniýalar maýa goýum çekmek üçin gymmatly kagyzlaryny çykarýarlar.