Telekeçilik we karýera barada düşürilen iň gowy filmler


Photo by freepik

Käbir filmler köp wagtymyzy alýar we üýtgeşik bir peýda bermeýär, emma käbirlerine bolsa tomaşa edip sapak alyp bolýar. Maliýe gatnaşyklary barada düşürilen ýokary baha berlen filmler:​
"The Wizard​ of Lies​" - "Ýalançy we jadygöý" - 1960-njy ýyllarda Wall​ Strit​ maliýe bazarynda öz firmasyny esaslandyran, wagtyň geçmegi bilen iň uly maýa goýum gaznalarynyň birine öwrülen Bernard​ Medoffyň​ hakyky wakalaryna esaslanýar. Bernard​ özüni üstünlikli maliýeçi​, dellal, akylly geňeşçi we haýyr - sahawatçy​ hökmünde tanadýar. Emma 2008-nji ýylda onuň kompaniýasynyň soňky on ýyllygyň gazna taryhynda iň uly piramidadygy​ (ýalan maliýe shemasy​) belli bolýar. Dawa millionlarça ýitgilere sebäp bolýar müňläp müşderiler hat-da öz garyndaşlary we dost ýarlary hem aldanýarlar, netijede ony 150 ýyl azatlykdan mahrum edýärler.

"Io​ sono​ Tempesta​" - "Men - milliarder" - Italýan telekeçi Numa​ Tempesta​ dürli ýalan-ýaşyryk​ usullar bilen, giden baýlyk toplaýar we soňunda salgytçylaryň eline düşýär. Salgytdan gaçany üçin milliarderi​ jemgyýetçilik işlerine höküm edýärler. Ol öýsüz - öwzarsyz bolan adamlaryň düşelgesine iberilýär we ol ýerde durmuş bilen täzeçe tanyşýar. Eşretli durmuşda ýaşap öwrenen Tempesta​ garyp-gasarlaryň​ dünýäsine girmäge mejbur bolýar. Emma bu ýerde-de ol öz telekeçilik ukybyndan peýdalanýar we düşelgedäki ýaşaýjylaryň durmuşyny düýpgöter üýtgedýär.​

"A​ Family​ Man" - "Maşgala adamsy" - Deýn​ Jensen​ atly bir kompaniýanyň üstünlikli işgäri barada. Jenseniň​ bar ünsi işinde bolýar, ýöne ol maşgalasy tarapyndan olara az wagt sarp edýändigi sebäpli mydama tankytlanýar, ol näçe hojalykçy bolup görünmek islese-de başarmaýar. Kompaniýanyň başlygy işini bes edýändigi sebäpli, Jensene​ kompaniýanyň başyna geçmegi teklip edýär, şol bir bada onuň oglunyň ýarawsyzdygy hem ýüze çykýar. Indi onuň öňünde iki ýol bar maşgala ýa-da karýera.

"Mr​ Selfridge​" - "Jenap Selfridj​" - 1906-njy ýylda Amerikaly telekeçi Garri​ Gordon​ Selfridj​ dynç alyş üçin Angliýa gaýdýar. Saparyň dowamynda ol iňlislerde ownuk söwdanyň gurnalyşynyň​ pesdigini görýär. Garri​ bärde öz söwda merkezini gurmak üçin maýa goýum goýmaklygy karar edýär. Netijede 1909-njy ýylda "Selfridges​" atly täze söwda merkezini açýar, bu söwda merkezi lýuks segmentdäki dünýäde ilkinji söwda merkezi hökmünde taryha girýär.