“Türkmengaz” DK kuwwatly turbinalaryň düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek boýunça tender yglan edýär


“Türkmengaz” döwlet konserni tender boýunça toparyň adyndan “Vectra 40G” modelli üç sany kuwwatly turbinalaryň we “Vectra 30G” modelli iki sany kuwwatly turbinalaryň düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek boýunça halkara tender yglan edýär.

Tendere gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
  • bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen 1725 amerikan dollary möçberde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almak bilen) töleg töläp, bäsleşik resminamalary almaly.

Tendere gatnaşmak üçin teklipler 14.10.2021ý. senesi ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bäsleşik teklipli bukjalary görkezilen salga ugratmaly.

Bellik: Bäsleşik resminamalarynyň doly bukjasy hasaba pul serişdelerini geçirilenden soň berilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+99312) 40-32-40; 40-32-50

Faks: (+99312) 40-32-59

Adres: Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 56.

Çeşme: metbugat.gov.tm.