“Türkmennebit” enjamlary satyn almak boýunça tender yglan edýär


“Türkmennebit” döwlet konserni tender boýunça toparyň adyndan aşakda görkezilen

lot boýunça № 306 açyk tender yglan edýär:

Lot – guýulardan nebitiniň çykarylyşyny optimallaşdyryş we awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamy.

Bäsleşige gatnaşmak üçin “Türkmennebit” DK binasyna ýüz tutup bilersiňiz:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
  • lotuň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;
  • bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen her Lot üçin 1725 amerikan dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölemek üçin hasap belgisini almaly.

Bäsleşik boýunça teklipler diňe öndürijilerden kabul edilýär.

Bäsleşige gatnaşmak 15.10.2021 ý. senesi ýerli wagt bilen sagat 16.00-a çenli kabul edilýär.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bildiriş çap edilen pursatyndan başlap, doly bäsleşik teklibi görkezilen, möhür bilen kepillendirilen bukja görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar.

Bukjada hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy häsiýetnamasy (Word görnüşde) we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly.

Habarlaşmak üçin belgiler: 40-35-58, 40-35-61

Faks: 40-39-39

Adres: Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56

Çeşme: metbugat.gov.tm.